Habarlar
Habarlar

Ulag pudagynyň işi halkara derejede kämilleşdiriler
Geçen hepde anna güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.

Parahatçylyk döredijilikli syýasat we halkyň tutanýerli zähmeti — üstünlikleriň gözbaşy
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy. Şol syýasatyň baş maksady ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakdan, parahatçylyk döredijilik ýoluna ygrarlylykdan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy açylar
Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat meseleleri boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Gazak kompaniýasy Türkiýäniň “Hepsiburada” platformasyny satyn aldy
Türkiýäniň elektron söwda ägirdi “Hepsiburada” platformasynyň esasy paýy Gazagystanyň tehnologiýa ägirdi “Kaspi” kompaniýaysna 1,13 milliard dollara satyldy. Türkiýäniň “Dogan” maşgalasynyň agzalary bilen “Hepsiburada” platformasynyň “A” we “B” synp paýnamalarynyň 65,4 göterimini satyn almak barada şertnama baglaşylandygy mälim edildi.

Türkmenistan bilen Pakistan ulag we energetika taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin resminamalaryň taýýarlanyşyna aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri telekommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk ederler
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlaryndan ybarat wekiliýet RF-nyň Krasnoýarsk şäherine, M.F. Reşetnýow adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýa uniwersitetine sapar bilen bardylar.

Türkmenistan GDA-nyň geňeşine başlyklyk eder
Aşgabatda GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan geňeşe başlyklyk etmegi resmi taýdan kabul etdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.