Habarlar
Habarlar
167ff4f84604e4.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyñ Döwlet elektron portalynyň hyzmatlary giňeýär

Türkmenistanlylaryñ köp berýän soraglarynyñ biri "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiñ "e.gov.tm" Türkmenistanyñ döwlet hyzmatlarynyň we wezipeleriniň bitewi portalynda nädip hasabyňy döretmeli?"

167ff51cd358a2.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda üstaşyr ýük geçirişiň möçberi 417,3 müň tonna barabar boldy

2015-nji ýyldan 2025-nji ýylyň birinji ýarymyna çenli döwürde Türkmenistanyň üstünden geçirilen üstaşyr ýükleriň möçberi 417 müň 340 tonnadan, üstaşyr howa gämileriniň gonuşlarynyň sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. 

16801d92947342.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

1680081e51ddf9.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

16-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

167ff35727d86a.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen IRU ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň anna güni Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berýär.

167ff32a16e223.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy

Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu duşuşygy gurandygy üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

167ff3689490ae.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny çekmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa döwlet saparynyň dowamynda ýurduň Imperatory Naruhito bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ýaponiýanyň tehnologiýa ösüş babatda ýokary derejelere ýetendigini hem-de öz ýurdunyň milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak işine öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

167ff339ba4439.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi geçiriler

2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly ählumumy halkara sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär. 

167ff31048c9a5.jpeg
1 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi

Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Imperator Naruhito, Premýer-ministr Sigeru Isiba, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

167fdf263f0786.png
1 ýyl ozal
“Türkmentelekom” EAK-nyň hyzmatlaryny birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmalary kabul edýär

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň saýtynda Türkmenistanyň islendik ýaşaýjysy, ýaşaýan ýerine garamazdan Internet, öý telefony ýa-da kabel TV ýaly hyzmatlary birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryp biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.