Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
KÄMIL BILIM – ÖSÜŞE TARAP ULY ÄDIM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy gün günden kämilleşýär. Häzirki wagtda ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, has-da döwrebaplaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça öňde goýulýan wezipeler toplumlaýyn çözülýär. Ýurdumyzda döwrebap bilim ojaklarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.
Kämil ýaşlary kemala getirmekde sanly bilim portalynyň orny
Hormatly Arkadagymyz: «Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip jaýdar belleýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy.
Türkmen halkynyň buýsanjy ahalteke bedewler
Milli mirasymyzy, ruhy-medeni baýlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklarymyza söýgiňi, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Bagtyýar halkymyz bu gün ýene bir şanly senäni — Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan toýlaýar. Halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri dünýäde çapuw atlaryň tohumlarynyň arasynda iň naýbaşylaryň biri hasaplanýar.
Ganatly bedewler
Türkmen dünýä birnäçe gymmatlyklary beren halkdyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de biziň ahalteke bedewlerimizdir. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen älemi haýran eden meşhur behişdi bedewlerimiziň taryhyna ser salsaň, onuň şöhratly taryhynyň bardygyna göz ýetirip guwanýarsyň. Arap, Absent, Meleguş, Suşnäk, Gadam, Boýnaw, Eýeberdi Teleke, Ýel, Akbilek, Begnazardor ýaly ajaýyp ýelden ýyndam bedewlerimiz dünýä atçylygynyň taryhynda hem müdimilik orun alan ajaýyp ahalteke bedewleridir.
PARAHATÇYLYK — ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI
Berkarar Watanymyzda her ýyly döwrüň belent ruhuna kybap gelýän şygar bilen dabaralandyrmak däbine eýerilip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda şeýlede ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi eziz Diýarymyzda döwletli ýörelgeleriň dowamata beslenýändiginiň nyşanydyr.
MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymlydyr. Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Änew medeniýeti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň kämilleşmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ençeme täze kitaplaryň neşir edilmegi, kitaphanalaryň açylmagy, bar bolan kitaphanalaryň kitap gorlarynyň hem çap edilen kitaplar we elektron kitaplar arkaly üstüniň ýetirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginden habar berýär.
Sanly bilim — kämil tejribe
Milli ösüşimiziň täze tapgyry — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri. Bu ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyryljak, ajaýyp ösüşleriň gazanyljak we belent sepgitleriň ýetiljek eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy
Ýurdumyz dünýä giňişliginde ählumumy abadançylygy we parahatçylygy ugur edinýän başlangyçlary bilen çykyş edip, dünýä jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýär. Başlangyçlaryň gyzgyn goldawa eýe bolmagy, döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň örän oýlanyşykly daşary syýasat ugry oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanmak arkaly, işjeň durmuşa geçirilýär.
Sanly bilimiň giň mümkinçilikleri
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmäge, ony dünýä derejesinde dabaralandyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, olaryň hünär taýdan kämilligini gazanmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.