Baş Kanunymyz — bagtyýarlygymyzyň gözbaşy
16-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji gününden başlap, biz taryhy wakalaryň, buýsançly pursatlaryň şaýady bolup gelýäris. Toýlary toýlara ulaşýan, gurmagyň, döretmegiň özboluşly nusgasyny dünýä ýaýýan halkymyz ýene bir ajaýyp baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 33 ýyllygynyň giňden bellenilmegi bolsa baýramçylyk dabarasynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Konstitusiýa — bu döwletiň esasy kanuny bolup, ol tutuş halkyň ýa-da jemgyýetiň aýry-aýry sosial toparlarynyň erk-isleglerini, bähbitlerini beýan edýär we olaryň bähbitlerinden ugur almak bilen, belli bir ýurtda jemgyýetçilik gurluşynyň hem döwlet guramaçylyk gurluşynyň iň wajyp başlangyçlaryny özünde berkidýär. Döwletiň esasy kanuny bolandygy sebäpli ol edil beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalar ýaly, hökmany häsiýetlidir, ýöne şol bir wagtyň özünde ol beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalardan ýokary hukuk güýjüne eýe bolmagy bilen tapawutlanýar.
«Konstitusiýa» sözi latyn «constitutio» (tassyk etmek, dikeltmek) diýen sözünden gelip çykypdyr. Bu düşünje häzirki manysynda ulanylyp başlanýança, ýüzlerçe ýyllar geçipdir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taryhy barada aýdylanda, Türkmenistanyň SSSR-iň düzüminde bolan döwri, Türkmenistan SSR-niň Konstitusiýasy 1927-nji, 1937-nji we 1978-nji ýyllarda kabul edilip, olar öz döwrüniň islegini kanagatlandyran hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň emele gelmegi, täze ösüş ýollarynyň özbaşdak saýlanylyp alynmagy bilen bagly täze, döwrebap hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunlaryň, şol sanda döwrüň talabyna laýyk gelýän Garaşsyz döwletiň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň zerurlygy ýüze çykdy. Şol sebäpli hem Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji döwürlerinde, has takygy, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Baş Kanuny kabul edildi.
Onuň kabul edilmegi durmuş-ykdysady we syýasy häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilendir. Konstitusiýa, ilkinji nobatda, adamlaryň jemgyýetde we döwletde ýaşamagynyň esasy düzümlerini, olaryň iň wajyp hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny kepillendirýär. Şol ýurtdaky häkimiýet ulgamyny, döwletiň maksatlaryny, wezipelerini hem ygtyýarlyklaryny, onuň içki düzüm gurluşyny, döwlet edaralarynyň ulgamyny, ilatyň öz-özüni dolandyryşynyň esaslaryny kesgitleýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalar we düzgünler gös-göni hereket edýär. Konstitusiýa ters gelýän kanunlaryň we beýleki hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur.
Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň maddalarynyň hemmesi agzybirlige, ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, dostluk-doganlyga, jebislige, watançylyk borjuňa düşünmeklige, maddy-ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamaklyga, milli däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy dikeltmäge, şonuň ýaly-da ösüşiň täze belentliklerine çykmaklyga gönükdirilendir. Onuň taryhyna ser salanymyzda, döwletiň ykdysady we syýasy ösüşiniň her döwrüniň talaplaryna laýyk üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini görýäris. 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi bolsa ykdysady we syýasy özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi. Şu wagta çenli girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ählisini birleşdirýän bir ýagdaý bar. Ol hem türkmen halkynyň ynsanperwer däp-dessurlarynyň, milli demokratiýamyzyň jemgyýetiň ösüşine laýyk täze mazmunda Esasy Kanunymyzda özüniň giň beýanyny tapandygy bilen baglanyşyklydyr.
Konstitusiýamyz, Döwlet baýdagymyz biziň bagtly durmuşymyzyň binýadydyr. Olarda geçmiş taryhymyzyň şan-şöhraty, şu günümiziň döwletli döwrany, röwşen geljegimiziň nurana ýalkymy bar. Bu iki mukaddesligiň nusgalyk ýörelgeleri esasynda Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk taglymaty äleme ýaýrady, dünýä bileleşigi halkymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, Ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygyň, abadançylygyň höküm sürmegini gazanmak ugrundaky asylly başlangyçlaryny ykrar etdi. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etdi. Şonuň üçin hem ajaýyp zamanada abadan, eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyz özüniň görkana ýaşyl Tuguna buýsanyp, ondan çäksiz ylham alýar.
Türkmen halkynyň täze ösüş taryhyny ägirt uly, dünýä derejeli işler bilen şöhratlandyrýan hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 33 ýyllyk şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Agamyrat GELDIMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina himiýasy kafedrasynyň mugallymy.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.