BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE DÖWLET BAÝDAGYMYZ ÝURDUMYZYŇ HALKARA YKRARNAMASYNYŇ BEÝANYDYR
15-05-25
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüş gazanylýar. Türkmenistan ösen döwletlere deň derejedäki hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda hem rowaçlyklara eýe bolundy. Ýurduň Konstitusiýasy döwletiň Esasy kanunydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem-de Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir. Bu döwletimiziň iki nyşanynda ýurdumyzyň hukuk ýagdaýynyň kesgitlemesi we ösüşiniň esasy ugurlary beýan edilýär.
Her bir döwletiň Baş Kanuny - Konstitusiýasy döwletiň hereket edýän kanunçylygynyň esas goýujy binýadydyr. Biziň döwletimiziň Konstitusiýasy hem esasy syýasy-hukuk resminamasy bolup, onda adam hukuklary, azatlyklary we borçlary, hukuk ulgamynyň ýörelgeleri kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň rüstemligini ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňdigini, jemgyýetiň gymmatly hazynasynyň adamdygyny, raýatyň abraýyny, mertebesini we azatlygyny döwletiň goraýandygyny beýan edýär. Şeyle hem onda her bir raýatyň kanunlardan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdigi görkezilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy kadalaşdyryjy hukuknamalar ulgamynda, hukuk taýdan iň ýokary güýje eýedir. Şunuň bilen baglylykda, onda berkidilen kadalar we düzgünler Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýärler.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda “Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary - Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr” diýlip bellenilýär. 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda “Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni diýlip yglan edildi. Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir. 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda dünýäde iň belent flagştok oturdyldy we ol belentligi bilen Ginnesiň Bütin dünýä rekordlar kitabyna girizildi. 133 metrlik bu flagştokdaky baýdagymyzyň ini 35, boýy 52.5 metr, agramy bolsa 420 kilograma barabardyr. Ýaşyl Tugumyzyň şeýle belentlige galdyrylmagynyň özboluşly manysy bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baýdagymyzyň iň belent flagştogda pasyrdamagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Ýaşyl Tugumyzdaky Aýyň şekili mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, ýurdumyzdaky abadançylygyň, asudalygyň nyşanydyr. Baýdagymyzdaky bäş ýyldyz biziň bäş müň ýyllyk taryhymyzyň bäş eýýamynyň we bäş welaýatymyzyň, arassa, parahat, asuda asmanymyzyň nyşanlarydyr. Döwlet baýdagymyzdaky haly gölleri halkymyzyň milliligini, ajaýyp sungatyny, ynsanperwer ýörelgelerini aňladýar. Baýdagymyzdaky zeýtun ýapraklary bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny, dünýäde parahatçylyk ugrunda çykyş edýän döwletdigini aňladýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Bu üstünlikler ýurdumyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen geçýän hem-de hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygynyň dabaralara beslenýän ýylynda hem halkara gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygynyň beýanydyr. “Açyk gapylar” syýasatyna hem-de hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda Türkmenistanyň BMG bilen netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze dereja çykdy. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny ýokary götermek we türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalary edýänTürkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulşeker ORAZGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.