NESIL TERBIÝESINDE MILLI ÝÖRELGELER

27-10-25

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesile bilim bermekde, milli ýörelgelere laýyk terbiýe bermekde, aň we beden taýdan sagdyn ösdürmekde bilim edaralarynyň ýokary ähmiýeti bar. Okuw-usulyýet işleriniň göwnejaý guralmagy, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giň gerimde peýdalanylmagy netijesinde ýaş nesilleriň kämil ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri gazanylýar. Bilim edaralarynda ýerine ýetirilýän meýilnamalaýyn hem-de guramaçylykly wezipeler ýaş nesilleriň ähtaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, döwletli döwrümize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, oýlanşyklylygy talap etse, ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýar. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, islendik döwletli işi ýola salmak, amala aşyrmak we şol meselede üstünlik gazanmak üçin, ilkinji nobatda erk-ygtyýar, sabyrlylyk, tutanýerlilik zerur. Ýadaman, ýaltanman şol ugurda göreşmeli, irginsiz zähmet çekmeli. “Zähmet soňy rehnet” diýilişi ýaly, seniň azabyň soňy netijeli bolýar, eşretli durmuşa gözüň düşýär. Nesil terbiýesinde iň netijeli milli ýörelgelere daýanmak, paýhasly pederlermizden bize galan uly baýlyk, taýsyz sowgat bolmakdan ötri, biziň her birimiz üçin gaýragoýulmasyz borç bolup durýar. Her bir jemgyýet, şol jemgyýetde ýaşaýan adamlar, ata-babalardan bize ýeten mirasa, galdyrylan sowgada göz dikip, ondan peýdalanyp oňmaly däl-de, indiki, özünden soňky nesiliň aladasyny etmeli. “Çagany ýaşdan” diýip, ýöne ýere aýdylanok. Ýaşlykda gözüniň gören zady, gulagynyň eşiden habary, körpä gowy täsir edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň  ýaşlaryna  ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly  gowy gylyk-häsiýetler  mahsus bolmalydyr. Ýaş nesillerde  ýokary  ahlaklylygy  terbiýelemek esasy zerurlykdyr. Bu babatda  pederlerimiziň  asylly  ýörelgelerine  salgylanmak gerekdir. Belent ynsanperwerlik, ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda geljekki nesiller üçin  nusgalyk, sagdyn  düşünjeler emele gelýär.

Türkmen halky mydama çaga  terbiýesine uly üns  beripdir. Olar  çagalarynyň belent ahlakly,  ynsanperwer, Watanyny, halkyny, zähmeti söýýän, ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli, iline  gerekli adamlar  bolup ýetişmegi üçin aladalanypdyrlar. Netijede  Oguz han, Çagry beg, Togrul beg, Gorkut ata, Seljuk han, Görogly beg, Keýmir kör, Alp Arslan, Magtymguly ýaly  ençeme parasatly, dana, merdana şahslar kemala gelipdir. Terbiýe meselesinde, her bir çaga gezek gelende, onuň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, onuň häsiýetine, islegine görä çemeleşmek zerur. Sebäbi ena-atalaryň yhlasyny yrýa etmeýän, il-ýurduna, mähriban Watanyna wepaly perzentleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr. Çünki halal, edep-terbiýeli, akyl-paýhasly, sagdyn garaýyşly, zähmetsöýer, merdana nesiller ýurdumyzyň ýüzüdir, ene-atalaryň yhlasynyň, şeýle-de ähli bilim-terbiýeçilik işgärleriniň çeken zähmetiniň miwesidir.

Döwleti yranmaz, rysgal-bereketli türkmen ojaklaryndan dörän mähriban körpelerimize hossarlyk aladasy bilen garap, olary hakyky manysyndaky nesiller edip ýetişdirmekde ähli bilim-terbiýeçilik işgärlerine abraý bersin! Şeýle jogapkärli wezipelerde zähmet çekmäge, döredijilikli işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin bolsa biziň her birimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys. Ähli babatda durmuş mekdebi bolup, ýolumyza halypalyk nuruny çaýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulbaýram GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.