Sport - sagdynlygyň we ruhubelentligiň özeni

19-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary bilen şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sport giňişliginde mertebesini dünýäniň belent derejesine çykaryp, bu ugurda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi dünýä döwletleriniň arasynda sportuň bu görnüşiniň ähmiýetiniň uludygyny habar berýär. Milletler bileleşiginiň bu Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyz Türkmenistanda hem sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi. Bu baýram parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek boýunça netijeli we döredijilikli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ony ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň iri ýaryşlaryny yzygiderli geçirmek, milli ýygyndymyzyň halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi, ýurdumyzda sebitde iri sport desgalaryny gurmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu başlangyçlar öz gezeginde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we milletiň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmäge, halkymyzyň ruhubelentligini saklamaga, durnukly ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilen ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm, ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

«Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça 3246 adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin türgenleşik sapagynyň we Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bagtyýar raýatlarymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Baýramçylyk öwüşginini artdyran Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň ugrunda «Welosiped» binasynyň gurulmagy, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde yzygider welosiped ýörişleriniň geçirilmegi ýurdumyzda welosiped sportunyň dabaralanýandygyny, sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sanynyň günsaýyn artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň welosiped ulagyny ussatlyk bilen erk etmegi, sporta adam saglygyny berkitmegiň iň oňat serişdesi hökmünde garamagy, bu babatdaky şahsy göreldesi sagdyn ruhly ýaşlary terbiýelemekde özboluşly nusgalyk mekdebi bolup durýar. Ýurdumyzda sport syýasatynyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň wagyz edilmegine, bedenterbiýäniň we sportuň  ösdürilmegine, ýaş nesliň ruhy hem-de beden taýdan terbiýelenmegine gönükdirilendir. Welosiped sporty dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň biri  bolmak bilen, diňe bir adam saglygyny berkitmekde däl, eýsem, ekologiýa  abadançylygyny üpjün etmekde hem uly ähmiýete eýedir. Daşky gurşawy gorap saklamaga ýardamçy ulag hökmünde welosiped bütin dünýäde uly goldawa eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň  netijesinde Watanymyz dünýäniň sport merkezleriniň birine, Olimpiýa hereketiniň dabaralanýan ýurduna öwrülýär. Bu günki şatlykly günlerde mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini Ýer ýüzüne ýaýmakda  Türkmenistanyň aýratyn goşandyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.

«Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip nygtamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Mämmet MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.