Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
16982d1536e9f6.jpeg
1 aý ozal
Sagdynlyk — ýurduň kuwwaty

Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady güýji halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär.

1680649f25bfbe.jpeg
2 hepde ozal
Gök önümleriň saglyga peýdasy

Her bir yn­sa­nyň iň uly is­le­gi sag­dyn ýa­şa­mak­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da sag­dyn dur­mu­şy nä­dip üp­jün edip bol­jak­dy­gy we adam öm­rü­ni nä­dip uzalt­ma­ly­dy­gy ba­ra­da köp göz­leg iş­le­ri ge­çi­ril­di. Şon­da dog­ry iý­mitlen­me­giň, zy­ýan­ly iý­mit­ler­den daş­da dur­ma­gyň, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

169688a7453b92.jpeg
2 aý ozal
Bedenterbiýe we sport — sagdynlygyň gözbaşy

Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge giň mümkinçilikler döredýär. Halkara ölçeglere doly laýyk gelýän toplumyň ähli desgalarynda dürli derejedäki ýaryşlary geçirmäge zerur şertler bar. Ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlardan başlap, her ýylda guralýan umumymilli spartakiadalara köp sanly adamlaryň gatnaşmagy Diýarymyzda sporta uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

1672e52328c17f.jpeg
2 aý ozal
SANLY BILIM – KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

163ecb4138d3a9.jpeg
5 aý ozal
SANLY BILIM GIŇIŞLIGINDE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny, täzeçil tehnologiýalary işjeň özleşdirmek babatda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň öňünde möhüm wezipeleri kesgitläp berdi. Şonuň netijesinde, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony hil taýdan dünýäniň ösen derejesine çykarmak, şol bir wagtyň özünde ýaş alymlaryň ylmy açyşlary üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

169536a91f09a8.jpeg
2 aý ozal
Il saglygy — ýurt baýlygy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän  «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär.

167fcac1d3aa22.jpeg
2 aý ozal
Saglyk – ruhubelentligiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda  giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.

167fcb07f3ebc6.jpeg
2 aý ozal
Saglyk — ýaşaýşyň gözbaşy

Berkarar döwletimizde ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan tölegsiz berilýän derman serişdeleriň ýokary hilli bolmagy hem-de öz wagtynda üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanýar.

168df6d25415b8.jpeg
5 aý ozal
GUSSALY SENE — HATYRA GÜNI

6-njy oktýabrda Türkmenistanda gussaly sene — Hatyra güni bellenilip geçirilýär. Ol gün ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlar ýatlanylýar. Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden bäri 77 ýyl geçdi.

1651d4d20231c6.jpeg
5 aý ozal
Hatyra güni – hakyda güni

Hatyra güni bosagada. Ol günüň her ýylda hormat bilen bellenilip geçilmegi, ildeşlerimiziň bagtyýar ojaklarynda aýat-töwirleriň okalyp, sadakalaryň berilmegi ýüreklerimizde çäksiz buýsanjy oýarýar. Çünki merdana halkymyz şeýle kyn günlerde-de ruhdan düşmändirler. Birek-biregi goldapdyrlar. Bir döwüm çöregi deň paýlaşyp iýipdirler. Şeýle wakalar uruş ýyllarynda hem bolupdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.