«Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

10-10-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yglan edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň hataryna çykarmak boýunça amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlary kesgitlenip, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamada bellenilişi ýaly, maşgala lukmançylygyny hem-de maşgala saglygy goraýyş hyzmatyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylan beýik işler aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi ugrunda alnyp barlan işler özüniň oňyn netijelerini berdi. Alym lukman Milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hem keselleriň öňüni almakdyr.

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramagy, keselleriň öňüni almagy we olaryň garşysyna göreşmegi saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipe edip goýdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak bilen bagly çäreleriň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň beden sagdynlygyny berkitmek bilen bagly meselelere ýüzlenip, dürli görnüşli kesel dörediji wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almakda, möwsümleýin döreýän keselleri, sowuklamany bejermekde halk lukmançylygynda belli bolan usullardan hem peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi. Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen milli usullaryny döredipdirler diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň mynasyp dowam etdirilmelidigini nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda kesel bejeriji häsiýeti bilen gadymy döwürlerden bäri belli bolan, ýagny, üzärligiň, burçuň, sarymsagyň, süýji buýan köküniň saglyga peýdasy barada gymmatly maglumatlar bar. Bu ylmy kitap ýurdumyzyň her bir raýaty üçin gymmatly gollanmadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň, şol sanda çaga iýmitleriniň Moskwada geçirilen ýöriteleşdirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Bu baýrak Türkmenistanda, esasan-da, saglygy goraýyş ulgamynda öndürilýän harytlaryň ekologiýa taýdan arassalygynyň we hiliniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygy babatynda alnyp barylýan beýik işlere biz hem yhlas bilen zähmet çekip, mynasyp goşandymyzy goşarys. Goý, ata Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulsona BÄŞIMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.