Saglyk – bahasyz baýlyk

23-12-25

Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir. Ene göwresinden başlap, halal we arassa iytmitlenmek çaganyň geljekki durmuşyna öz täsirini ýetirýär. Bu barada Muhammet pygamber hem: «Iýýän we içýän zatlaryňyz halal, tämiz bolsun. Çagalaryňyz bulardan hasyl bolar (emele geler)» diýip ündäpdir.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça nusgalyk derejä ýetdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, iýmit zäherlenmeleriniň we möwsümleýin keselleriň öňüni almak, bedenterbiýäniň, önümçilik maşklarynyň adam saglygyna ýetirýän oňyn täsirini açyp görkezmek, adamlaryň öz saglyklaryny yzygiderli gözegçilikde saklamaklaryny ýola goýmak we gazanmak, bu ugurda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlary düşündirmek, ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Häzirki wagtda 200-e golaý döwletiň agza bolup durýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Tertipnamasy 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde güýje girdi we 1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär.

Ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde jemgiýetçilik saglygy goraýyş we ilkinji kömek maksatnamasynyň çäginde ilatyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, lukmandan deslapky ilkinji kömegiň endiklerini  öwretmek we ýol hereket howpsuzlygy boýunça okuwlary geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça alnyp barylýan işler adamyň janyny we ömrüni goramaklygy gönükdürlendir. Bu işler esasan hem mekdeplerde we çagalar bagynda alnyp barylýar.

Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp  maksatly ulgam derejesini berdi.Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerili işler durmuşa geçirilýär.Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär. Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi. 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda ýaşlaryň häzirki zaman bilimini we lukmançylyk ugry boýunça hünärleri edinmegi üçin ähli şertler döredildi. Täze saglygy goraýyş desgalarynda zähmet çekjek lukmanlaryň ýokary hünär derejesiniň bolmagy bu ugurda möhüm bölek bolup durýandyr. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda onlaýn okuw sapaklaryny guramak we hünärmenleriň arasynda şahsy duşuşyklary geçirmek türkmen lukmanlarynyň hünär taýdan kemala gelmeginiň hökmany düzgünidir. 

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem ilatyň saglygyny goramak syýasatynyň esasyny goýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň bu ulgamda ýokary netijeleri gazanandygyny tassyklamak bolar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň gurluş taýdan ösdürilmegi boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.

Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýgözel AKMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.