MILLI HUKUK ULGAMYMYZYŇ BERK BINÝADY

10-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli döwletlilik, halk häkimiýetini berkarar etmek baradaky gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerden, halkymyzyň baý durmuş tejribesinden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we berkitmek ugrunda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek arkaly ösüşlerimiziň has-da rowaçlanmagyna, ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna alyp barýar.

Täze taryhy eýýamda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, ata Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek elbetde jemgyýetçilik edaralarynyň işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde, Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýelemeginde örän ähmiýetlidir.

Ýurdumyzda milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidinden ugur alýar. Olaryň azatlyklarynyň we hukuklarynyň goraglylygyny ygtybarly üpjün edýär. Bu babatda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda “Ilatyň durmuş we zähmet taýdan üpjünçiligi, adam maýasyny ösdürmek” atly 22-nji bölüminde geljek otuz ýylyň dowamynda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler kesgitlenýär. Mundan başga-da Türkmenistany ösdürmegiň esasy ugurlarynyň 2022-2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda “Zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş hyzmatlary, durmuş üpjünçiligi çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek, zähmeti goramak, iş bilen üpjünçilik, durmuş taýdan goraglylyk” meseleleriniň goýulmagy döwletimizde adam hakyndaky aladanyň ýokary derejededigini ýene bir gezek subut edýär.

Dünýäniň çalt umumylaşýan häzirki şertlerinde berkarar döwletimiziň halkara tejribä daýanýan kanun çykaryjy edaralary hem kämilleşýär we özgerýär. Ýurdumyzda demokratik başlangyçlary ykrar etmek we ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny täze sepgitlere tarap ýokary depginler bilen öňe barýan hemişelik Bitarap döwletimizde bolup geçýän, halkymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin kanunçylyk binýady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň döwrebap Konstitusiýasy yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamymyzyň berk binýady bolmak bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlap gelen we biziň günlerimizde hasyl bolan ajap eýýamyň - adalatyň berkarar bolmagynyň hem-de milli demokratiýamyzyň dünýä ýaň salmagynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlan röwşen ýoly bilen öňe barýan ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, ygtybarlylygyň we asudalygyň mekanyna öwrüldi. Diýarymyz sebitde, şeýle hem bütin dünýäde ajaýyp ýaşaýşyň höküm sürýän jennet diýary hökmünde tanalýar. Munuň üçin bolsa bütin türkmen halkynyň Gahryman Arkadagyna hem-de Arkadagly Gahryman Serdaryna söýgüsiniň çägi ýokdur.

Gülnara ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.