ULAGLAR ULGAMY- MILLI YKDYSADYÝETIMIZIŇ KUWWATY!
11-10-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz parahatçylygy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar.
Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşýan ulag-logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine milli we halkara derejesinde uly üns berilýär. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ulag ulgamynyň düzüm birlikleri ýurt, sebit we sebitara ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary halkara bileleşiginde giňden makullanýar we dünýä döwletleri tarapyndan uly ynam bildirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasynda döwrebap halkara ulag logistika ulgamyny döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ählumumy başlangyçlarynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen, geografik taýdan amatly ýerleşýändigini nazara alanyňda, Türkmenistan dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň altyn halkasydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar. Bu ýol adamzat ykballarynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly hem yklymlaryň halklarynyň dost-doganlygyny bakyýete öwüren altyn ýoldur» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, irki döwürlerde-de, häzirki wagtda hem ýollar ýurtlary birleşdirýär, halklary dostlaşdyrýar, ulaglar bolsa, dünýäniň ykdysady giňişligine girmegiň we ony ösdürmegiň möhüm şertleriniň birine öwrülýär.
Ýurdumyzda içerki hem-de dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt we netijeli iberilmegine mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň, önümçilik-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biridir. Soňky ýyllarda halkara ulag gatnawynyň pugtalandyrylmagyndan daşary, demir we awtomobil ýollarynyň milli ulgamynyň düýpli giňeldilmegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň okgunly ösdürilmegine kuwwatly badalga berdi. Mundan başga hem, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanda ulag-logistika merkezini döretmek babatda teklipleri taýýarlamak boýunça ýörite Pudagara topary döredildi. Ulag ulgamynda ulagyň işine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmäge, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýolagçylara edilýän hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başga-da anyk çäreler amala aşyrylýar.
Ulag-üstaşyr ulgamynyň ilkinji hatarynda demir ýol pudagy durýar. Ol beýleki ugurlar bilen birlikde uly üstünlikleri gazanýar. Munuň şeýledigine, demir ýol ulgamynda Eýrana, Türkiýä, Ýakyn we Uzak Gündogara ulag ulgamyna gysga ýoly açan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýollarynyň, şeýle hem bu ugurda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylmagy şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň işe girizilmegi halkara ähmiýetli waka boldy. Ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegi boljak Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman geçelgesi ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş eder. Häzirki wagtda bu ileri tutulýan ugurlar döwlet Baştutanymyzyň logistika strategiýasynda aýdyň şekilde beýanyny tapýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda täze Halkara howa menzilleri guruldy, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň ilkinji nobatdakysy Kerki — Ymamnazar — Akina ugry, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi guruldy. Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollary geljekde Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň halkara ähmiýetini has-da artdyrar.
Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň ulanylmaga girizilmegi ýurdumyzyň ulag toplumynyň ösüşine güýçli itergi berdi. Häzirki zaman ulag düzüminiň möhüm halkasy bolan bu port Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmalydyr. Portuň düzüminde gämi gurluşyk we gämi bejerýän zawodyň açylmagy ösen milli deňiz flotuny kemala getirmegi çaltlandyrmak boýunça iň möhüm wezipeleriň maksatlaýyn we şowly çözülýändiginiň subutnamasydyr.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak, hilini gowulandyrmak, bar bolan ähli önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek we olaryň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulaglaryň we aragatnaşygyň ähli görnüşleri boýunça hyzmatlary ösdürmegiň hasabyna ýurduň ulag-aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistan ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda ilki bilen çykyş etmegi hem-de olary durmuşa geçirmegi dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda alnyp barylýan halkara ähmiýetli işleri netijesinde Ýewraziýanyň sebitara ulag-üstaşyr ulgamyny kemala getirmäge, ony netijeli peýdalanmaga, sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Maýa ÝOMUDOWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyrylyşy fakultetiniň Kärhananyň ykdysadyýeti kafedrasyyň mugallymy.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.