MILLI YKDYSADYÝETIŇ DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLERI

28-04-25

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça alyp barýan durnukly ösüş strategiýasynyň esasy ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp ösýän, döwrebap diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat. Şunda uzak möhletli durnukly ösüşi, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün edýän, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny berkidýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek bilen bagly işler amala aşyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary kämilleşdirilýär. Döwletimiz tarapyndan telekeçiligi goldamak, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine gönükdirilen Türkmenistanyň Kanunlary kabul edilip, hususy pudak bilen baglanyşykly kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Şunda telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýurdumyzy uzak möhletleýin esasda ösdürmegi nazarlaýan maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda orun alýar.

Ýurdumyzda hususy pudagyň wekilleri “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar. Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýada: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenilýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Netijede, ilatyň düzüminde emläk eýeleriniň ösen gatlagy döreýär we kuwwatlanýar, olar ýurduň öndüriji güýçleriniň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.

Amala aşyrylýan maksatnamalarda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine we döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa senagatçylaryň we telekeçileriň artmagyna getirýär. Ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan telekeçiler tutanýerli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekden başlap, elektron senagatyň önümlerini işläp taýýarlamaga çenli dürli ugurlarda alnyp barylýan işlerde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler täze ösüşlere eýe bolýar. Şeýle hem maksatnamalaýyn alnyp barylýan işler döwrebap mümkinçilikleri we täze şertleri bilen tapawutlanýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ylmy esasda ösdürmekde alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga itergi berýär. Bu ösüşli ýollar bizi has-da guwandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymatyndan ruhlanyp, halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan asylly işlerde mynasyp paýly bolan telekeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde yhlasly zähmet çekýärler. Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

1685cd91398747.jpeg
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.


1685b96735e5ca.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.