Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
PAÝTAGTYMYZDA AWTOULAG HYZMATY KÄMILLEŞÝÄR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat bu günler özüniň esaslandyrylan gününiň 140 ýyllygyny dabaralandyrmak çäreleriniň çäklerinde toýa beslenýär. Bu toýuň döredýän duýgulary «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna aýratyn röwüş berýär.
Halkara ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylýan öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti uly ösüşlere eýe bolýar. Daşary ýurtlar, hususan-da, goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy halklaryň arasynda dostluk duýgularyna ýugrulan hoşniýetli gatnaşyklaryň has hem pugtalanmagyna ýardam berýär.
«AŞGABAT SITI» - GELJEGE GÖNÜKDIRILEN IRI TASLAMA
Hormatly Prezidentimiziň uly rowaçlyklara eýe bolýan şähergurluşyk syýasatynda ýurdumyzyň ýüzüniň tuwagy bolan gözel paýtagtymyz Aşgabady dünýäde ösen, döwrebap şähere öwürmäge aýratyn ünüs berilýär. Arkadag Prezidentimiziň baş şäherimiziň demirgazygynda Aşgabat sitini gurmak baradaky başlangyjy hem ildeşlerimizden uly buýsanç duýgusyny oýardy.
TÜRKMENBAŞYNYŇ HALKARA DEŇIZ PORTY 1941-1945-NJI ÝYLLARYŇ URŞY ÝYLLARYNDA
Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda beýleki döwletler bilen birlikde dostluk we raýdaşlyk ýollaryny gurup, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň berkemegine ýardam edýär. Ýurdumyz Ýewraziýa giňişliginde halkara ulag ulgamynyň sazlaşykly kemala getirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dürli geçelgeleri, ýollary gurmak başlangyjy bilen çykyş edýär.
Uruş ýyllarynyň gahrymanlary
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Aşgabat demir ýolunyň uly ähmiýeti bolupdyr. Aşgabadyň deposynda diňe bir teplowozlar remont edilmän, front üçin zerur bolan beýleki zatlar hem öndürilipdir. Agyr şertlerde işlän Aşgabat magistralynyň demirýolçulary teplowoz bilen ýük çekmekligi diňe özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem öz demir ýollaryny teplowoz işiniň hakyky mekdebine, laboratoriýasyna öwürdiler we teplowoz bilen ýük çekmek üçin köp sanly işgärler ösdürip ýetişdirdiler.
MÜŞDERILERIŇ MINNETDARLYKLARY ARTÝAR
“Daşoguzpoçta” welaýat aragatnaşyk kärhanasynda-da işler döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýar. Bu ýerde degişli meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirilip, netijeli zähmet üstünlikleri gazanylýar. Munuň şeýledigine kärhananyň ilkinji Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Arazbike Söýünowa bilen bolan söhbetdeşlikde hem doly göz ýetirdik:
TÄZE BELENTLIKLERE TARAP
Merkezi Aziýanyň iň iri derýalarynyň biri bolan Amyderýanyň orta akymynyň esasy bölegi Türkmenistanyň çäklerinden akyp geçýändigi bize mälimdir. Bu çägiň esasy bölegi Lebap welaýatyna degişlidir. Ýurdumyzyň esasy suw akabasyna öwrülen derýanyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak, şol bir wagtda-da ony aýawly saklamak, hemişe gözegçilik etmek bolsa döwletimiziň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.
YNSANPERWER ÝÖRELGELERE ESASLANYP
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda pederlerimizden miras galan ruhy ýörelgeler häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýär. Şol däpleriň biri-de asylly işleri amala aşyrmaga hem-de rehim-şepagatlylyga çagyrýan Oraza aýynda berilýän agzaçar sadakasydyr. Şeýle asylly däbe eýerip, 29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz hem Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi
WATANYMYZY BEÝGELTMEGIŇ RUHY GÜÝJI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz her bir başlangyjy dünýä bileleşiginde gyzgyn goldaw tapýan, dünýä durmuşyna özüniň oňyn täsirini ýetirip bilýän döwlete öwrüldi. Watanymyzy beýgeltmegiň, ýürekden söýmegiň, kämillige hem ösüşlere ymtylmagyň ruhy güýji Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» diýen täsirli şygary bilen kalplara siňdi.
SEBITDE IRI ULAG-LOGISTIKA
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, gadymy Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan ýurdumyz sebitde iri ulag-logistika merkezine öwrülýär. Şu günki ajaýyp döwrümizde uzak geçmişde düýeli kerwenleriň geçen ugurlary boýunça häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil, demir ýol, howa, deňiz-derýa ulaglarynyň gatnawlary üçin ýokary hilli ýollar gurulýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.