Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
«INTERNET KAFE» HYZMATLARY
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ýurdumyzyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamyna has kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda maglumat ummanyna aralaşmak durmuş-ykdysady şertleriniň has oňaýly we elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleriniň makalalaryny, hekaýalaryny, we goşgularyny çap etmegi nazarda tutup, .
HYZMATLAR GÖWNEJAÝ BOLANDA
Poçta aragatnaşygy öz taryhyny has uzak ýyllardan alyp gaýdýanlygy sebäpli häzirki wagtda dünýäniň dürli döwletlerinde poçta muzeýleriniň ýüzlerçesi hereket edýär. Ol ýerde bu ulgama degişli dürli ýyllarda ýazylan hatlar, ulanylan enjamlar saklanylýar. Bu muzeýler dürli halklaryň hat-ýazuwlaryny öwrenijiler üçin-de, taryhy öwrenijiler üçin-de diýseň gymmatly maglumat çeşmelerini özünde saklaýarlar.
SANLY ULGAMYŇ TÄZE ŞERTLERINI AÇJAK BÄSLEŞIK
Sanly ulgamyň ösdürilmegi we onuň şertleriniň gün-günden durmuşymyza aralaşmagy tehnologik enjamlar bilen baglylykda işlerimizi ýeňilleşdirýär. Muny durmuşa geçirmekde bolsa «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hyzmaty örän uludyr.
Astrahana ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy
Sebitiň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Watanymyz parahatçylykly hyzmatdaşlyklary alyp barýar.
AK ŞÄHERIM, GUTLY BOLSUN 140 ÝAŞYŇ!
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň, şol sanda ak şäherimiz, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň, welaýat merkezlerimiziň at-abraýyny dünýä ýaýmak, olary ýaşamak, döretmek üçin iň amatly şähere öwürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.
NUSGALYK ÖMÜR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mill Liderimiziň öňe süren esasy wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmek, umumadamzadyň ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek wezipesi bar.
GÄMI ABATLAÝYŞ ZAWODY
Hazar deňziniň Türkmenistana degişli bolan gündogar kenarynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň golaýynda ýerleşen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň AGPJ-de soňky ýyllarda has-da netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda zawodda ençeme ýük we ýolagçy gämileri abatlanylyp, ulanyşa goýberilýär. Zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi sebäpli bu ýerde işler has-da ilerledi.
ULAGLAR ULGAMYNYŇ MÖHÜM UGRY
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan «2012–2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasy» täzeçil tehnologiýalaryň öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlenmeleriň we öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagyny nazarlaýar. Bu maksatnama laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarda täze howa menzilleri guruldy we ozal bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy.
SAÝLAWLARA IŞJEŇ GATNAŞALYŇ!
Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döreder. Ýurdumyzda saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, aýanlykda we halkara derejesinde, milli demokratik ýolumyz esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan iň bir wajyp wezipedir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.