Magtymguly Pyragynyň ýaş nesli baradaky goşgulary
17-02-24
Ýaş nesli terbiýelemekde iň wajyp usullaryň biri hem şahsy göreldedir. Magtymguly ynsan perzendiniň ata-enesine nähili sarpa goýmalydygy barada nusga bolan şahyrdyr. Türkmenlerde gadymdan gelýän ýörelgä görä, çaga heniz aga-gara düşünip-düşünmänkä, ene-ata, il-ulsa, tebigata, Watana söýgi duýgusy bilen terbiýelenýär. Magtymguly atamyz öz döredijiliginde durmuşda özüňi alyp barmagyň kada-kanunlarynyň üstünde köp durupdyr.
Owwal Magtymguly özüň düzetgil,
Özüňni sen özgelere göz etgil.
Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil,
Ne bar manysyz söz uzamak bilen.
Akyldar şahyryň şygyrlarynda türkmen halkyna mahsus bolan beýik häsiýetler barada Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halky özüniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, asyllylyk, watançylyk, zähmet we myhmansöýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýörelgeleri, ata-babalarymyzyň gany bilen geçen ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap, olary asyrlardan-asyrlara aşyryp gelýär» diýip belleýär. Çünki Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde halkyň durmuşyny, edebi mirasyny açyp görkezýär. Türkmenleriň gadymdan gelýän baý däp-dessurlary bar. Şol däp-dessurlaryň biri hem myhmansöýerlik. Myhman güler ýüz bilen garşy alynsa, hoşal bolup gitjekdigi barada şahyr öz goşgularynda şeýle ýazypdyr:
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.
Akyldar şahyr agzybirligi öňe sürüpdir.
Ulyny sylamak, hormat goýmak ýaly häsiýetlere adamkärçiligiň iň gowy taraplary hökmünde seredipdir.
Şahyryň many-mazmundan ýüki ýetik döredijiliginde durmuşyň dürli ugurlaryna, ähli taraplaryna degişli meseleler bilen birlikde türkmen zenanynyň çeper keşbine hem uly baha berilýär. Gyz-gelin sarpasy, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk, agraslyk, mylakatlylyk, alçaklyk ýaly gylyk-häsiýetler baradaky meseleler hem siňňitli yzarlanýar.
Şahyr «Duz hem bolmasa» şygrynda şeýle belleýär:
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.
Beýik söz ussady olaryň belent adamkärçilik mertebesini, akyl-huşuny, pähim-paýhasyny, uly sungat bolan el hünärlerini, bolçulyk çeşmesini eçilýän zähmetlerini hem wasp edipdir.
Akyldar şahyryň şygyrlarynda türkmen gelin-gyzlarynyň milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, zenanlaryň el hünärleri, türkmen halkyna mahsus bolan milli däp-dessurlary söz arkaly çeper beýan edilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny öwrenmeklige, olaryň milli däplerine düşünmeklige esas berýär. Şonuň üçin şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny öwrenmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň türkmen edebiýaty we seýrek neşirler bölüminde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri we golýazmalary saklanylýar. Özüniň dürdäne setirlerinden doly şygyrlary bilen dünýäni haýrana galdyran Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegine garaşylýan günlerde şahyryň edep-terbiýe, öwüt-ündew berýän goşgulary ösüp gelýän neslimiz üçin terbiýe mekdebidir.
Jennet Ataýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Gurluşyk materiallary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.