Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
17-02-24
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli mirasy, edebiýaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgylary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.
Beýik Pyragynyň döredijiligi, hakykatdan-da, bir umman. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni- bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi-giden bir umman. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär.
Gahryman Arkadagymyz milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýyna bagyşlap “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly döreden şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. ”Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy” diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz öz şygrynda Magtymguly atamyza “Onuň Alyjenaby” diýip ýüzlenmek bilen, şahyryň mertebesini ýene-de bir gezek belende göterýär, ony ähli köňülleriň, şygryýet dünýäsiniň hökmürowany hökmünde sarpalaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgynyň her bir sözünde, setirinde örän çuňňur many bar.
Magtymguly Pyragy özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär. Pyragy halka hyzmat eden şahyr. Onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi.
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede tutulmagy hormatly Arkadagymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip :” Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr" diýip belleýär.
Sylapberdi Duşyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.