Halkara ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
12-05-21
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylýan öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti uly ösüşlere eýe bolýar. Daşary ýurtlar, hususan-da, goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy halklaryň arasynda dostluk duýgularyna ýugrulan hoşniýetli gatnaşyklaryň has hem pugtalanmagyna ýardam berýär.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde kämilleşdirilip uly ösüşlere eýe bolan demir ýol pudagynda hem asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda, Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýoluň, Ymamnazar – Akina hem-de Serhetabat – Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle-de Kerki şäherinden Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi hem iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna uly ýardam berer.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara ülňülerine laýyk gelýän we maglumat aragatnaşygynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolmagy hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi Türkmenistany Merkezi Aziýa sebitinde esasy baglanyşdyryjy merkez, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde öňe çykaryp, ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrýar.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistany we Owganystany özara birleşdirýän demir ýollar Türkmenistanyň sebitde hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatynda eýeleýän ornunyň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýandygyny görkezýän ýene bir möhüm waka Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegidir. Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Liderleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, Türkmenistanda döredilen häzirki zaman ulag-üstaşyr, kommunikasiýa we logistika ulgamlary halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilip, olar halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga, pugtalandyrmaga ýardam berýän täsirli gural bolup durýar.
«Demirgazyk – Günorta» ugry boýunça Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi hem Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta – Gündogar Aziýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine itergi berer.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan taryhyň ähli asyrlarynyň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolupdyr. Häzirki döwürde bu ugur döwrebap derejede dikeldilýär. Halkara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan taslamalar, Türkmenistanyň halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan syýasy garaýyşlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-de beýgeldýär.
Yhlas AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.