Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat goşgulary
17-02-24
Magtymguly Pyragy ýiti zehini, akyl-paýhasy bilen dünýä ady dolan, taryhy geçmişimizi, häzirki bagtyýarlygymyzy, geljekki eşretlerimizi öňünden görüp, özüniň şygyrlary bilen ýürekleri nagyşlan umumadamzat şahyrydyr.
2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan ýokary sylagyň hem-de onuň dürdäne şygryýetine goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr. Beýik şahyryň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary bilen birlikde, kämil garaýyşlary özünde jemleýän çuň manyly şygyrlary ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrýar.
Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek hakyndaky kararyň çäklerinde geçirilýän çäreler, metbugatda we beýleki habar beriş serişdelerinde orta atylýan pikirler halkymyzyň, esasan–da, ýaş nesillerimiziň akyl–paýhasyny çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Umman dek çuň mana öwrülen türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry, filosofy, başarjaň wesýetçi-terbiýeçisi Magtymgulynyň döredijiliginiň agramly bölegi nesillerden-nesillere ýetirilmek bilen, ynsanlaryň kalbyna ornaşyp, ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmeginde özboluşly ýolgörkeziji bolup çykyş edýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ençemesi terbiýe mekdebi hökmünde atalar sözlerine öwrülip, halk döredijilik eserlerine siňip gidipdir. Meselem, şahyryň döredijiliginde Watana, tebigata bolan söýgi, agzybirlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk, beren sözüňde tapylmak, saglygyň gadyr-gymmaty, arassaçylyk barada şygyrlar köp. Bu barada ençeme mysallary getirmek bolar: «Ýagşy oguldan rehnet arygy akar», «Hergiz ýaman bilen bile bolmaňlar», «Watandan daş düşen istär mekanyn», «Ýamanyň zyýany iline ýeter», «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen», «Akylly az gürlär, gorkar tilinden», «Akyl ýigit söz başlamaz «men» bilen», «Ýagşy ýigit ýol ýitirmez», «Ýagşy söze gulak salgyl», «Kitap okan gullar magnydan dokdur».
Ýagşy söz adamyň gözelligine, pähim-paýhasyna, ykbalyna göni täsir edýär. Şonuň üçin gowy sözlemek, hoşniýetli gürlemek endigini ynsanyň kalbyna ýaşlygyndan guýmaly, şol ruhda terbiýelemeli. «Ýagşy söz ýylany hininden çykarar» diýlişi ýaly, ol misli bir miweli agaçdyr.
Magtymgulynyň:
Asla adamzada ajy söz urmaň…
***
Ajy sözler dilden çykan bir okdur…
***
Deň-duş bilmez, many aňmaz ýigitden,
Agylyňda yssy beren it ýagşy
- diýip belleýşi ýaly, ýagşy söz adamkärçiligiň gözbaşydyr. Magtymguly adamyň juwanlyk möwritinde päk ahlakly häsiýetleriň özünde jemlenmegine uly üns beripdir. Ol ýigidiň işiniň şowly bolmagynda ynamlylyk, halallyk, mertlik, arassalyk, göreldelik, yhlaslylyk we wepadarlyk ýaly gowy gylyklaryň oňyn täsirini düşündirýär.
Tirkiş Aşyrow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.