Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
BEÝIK MAKSATLARY NAZARLAÝAN IŞLER
Gahryman Arkadagymyzyň 11-nji oktýabrda hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşmagy hem-de Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy taryhy waka boldy. Bu sylag Gahryman Arkadagymyzyň türki dünýäniň döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ilerletmekdäki uly işlerine we türkmen halkyna bolan hormat-sarpanyň nyşanydyr.
AŞGABAT – «AKYLLY ŞÄHER»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak, dünýäniň ösen şäherleriniň birine öwürmek meseleleri mertebesi belent ýurt Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Ýaşlar size alkyş aýdýar, Arkadagly Serdarymyz!
Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.
GADYMY SUNGAT ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA
Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp medeni gymmatlyklaryndan biri bolan «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar kalbymyza buýsanç bolup doldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.
Ýaşlar öňe barýar Arkadagly Serdar bilen!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär.
KÖPÜLGAMLAÝYN EKOLOGIÝA ÇÄRESI
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeniniň gatnaşmagynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň guralmagy we bu okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň teklip edilmegi aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklaýan hakykatdyr.
TÜRKMEN – ÖZBEK DOSTLUGYNYŇ TÄZE DEREJESI
Sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmek we ynanyşmak Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Türkmenistanyň sebit strategiýasynyň mazmuny giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we möhüm ösüş meselelerini çözmek üçin, Merkezi Aziýada amatly geosyýasy hem-de ykdysady şertleri döretmäge doly ýardam bermekden ybaratdyr.
AK ÝOLLARDA KERAMAT BAR
Wagt şeýle bir çalt geçýär, onuň nädip geçenini duýman galýarsyň. Şonda ömrüň manysy hakda oýlanmaga mejbur bolýarsyň. Ömrüň manysy ynsanyň ýaşan ýaşyna bagly bolman, eýsem onuň durmuşda galdyran yzlaryna baglydygyna göz ýetirýärsiň. Şonda kalbyňda halkyňa, Watanyňa ak ýürekden hyzmat edip, il-güne öz ýagşylyklaryňy galdyrmaga bolan hyjuw oýanýar. Kalby hyjuwdan püre-pür adamlaryň il içinde abraý mertebesi belent bolýar.
MILLI BILIM ÖZGERTMELERI
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri netijesinde, täze-täze okuw mekdepleri gurup ulanylmaga berilýär. Okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler girizilýär.
Bilim bilen belent sepgitlere
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän bilimiň hili kämilleşdirilýär, olary milli we dünýä tejribesiniň gazananlary esasynda terbiýelemekde oňat netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä we sebit bähbitli özgertmeler bilen ak ertirleri nazarlap, ynamly öňe barýar. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkara giňişliginde we sebit möçberinde belent ähmiýetliligi bilen häsiýetlendirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.