Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan

Dünýä tejribesine daýanýan bilim ulgamy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň esasynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan maksatlara üstünlikli ýetilýär.

MILLI YKDYSADYÝETIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ WAJYP GURALY
Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

HALKYMYZYŇ GADYMY HEM MÜDIMI MIRASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.

Kadaly iýmitlenmegiň düzgünleri
Iýmitlenilende aram iýmitlenmeklik iýmitiň kadaly özleşdirilmeginde möhüm şertdir. Birbada juda köp iýmit iýlende aşgazan gaty doldurylýar. Bu bolsa iýmit bişiriş hadysasyny kynlaşdyrýar we bozýar, çünki bölünip çykarylýan iýmit dargadyjy şireleriň mukdary iýmitde bar bolan hemme ýokumly maddalary dargadyp ýetişmeýär.

HIMIÝA PUDAGY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirýän beýik işler gülläp ösýän Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynda başy başlanan giň göwrümli taslamalar halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkymyza ýokary hilli önümleri hödürlemäge uly mümkinçilik döredýär.

D witamini näme üçin beýle möhüm?
D witamini bedende möhüm esasy orny eýeleýär: bu diňe bir witamin däl, eýsem adam bedeniniň köp funksiýalary bilen gönüden-göni baglanyşykly gormondyr. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň 50 göteriminden gowragy D witamini ýetmezçiliginden ejir çekýär. Garrylaryň arasynda bu görkeziji 80-90 göterime ýetýär. Hünärmenleriň bir topary D witamini ýetmezçiligini XXI asyryň täze metabolik pandemiýasy diýip atlandyrýar.

KITAP – PAÝHAS UMMANY
Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: «Kitap dünýäni açýar.

GARAŞSYZ WATANYM, BAGTYÝAR HALKYM
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gysga döwrüň içinde ösen döwletleriň hataryna deňleşdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň göwün islegi sözüň doly manysynda hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz Türkmenistany görmäge göz gerek. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda ak bugdaýy, halysy, saz gurallary, şaý-sepleri ýaly milli gymmatlyklary bilen bütin adamzady haýrana goýup gelýär.

At – türkmeniň ganaty
Ata-babalarymyzyň bedew atlara bolan söýgüsini, yhlasyny hiç zat bilen ölçemek mümkin däl. Dana pederlerimiz bedew atlar barada “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” , “Bedewli gapa bela gelmez”, “At rysgaly alnynda” , “At toýnagyna at çydar” , “At ýigidiň diregi, haly – gyzyň ýüregi”, “At kişňeşip tanyşar, adam sözleşip”, “At agynan ýerde toý bolar” ýaly dana dürdäneleri döredipdirler.

Berkarar döwletimizde giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär
2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär. Ýokary derejede guralan bu halkara maslahatyň we serginiň ähmiýeti sebitde ulag üpjünçilik ulgamlarynyň berk binýadynyň döredilmegine giňden mümkinçilik döredýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.