«Hakyda göwheri» - döwletimiziň beýik taryhyna syýahat
05-12-25
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan akyldar Arkadagymyzyň pelsepe dürdäneleri bizi beýik taryhy döreden pederlerimiziň şöhratly ýollaryna atarýar: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin».
Gahryman Arkadagymyzyň iki dilde neşir edilen «Hakyda göwheri» atly kitabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy hem joşgunly pursatlara, köňülleri galkyndyrýan täsirli çykyşlara baý boldy. Dabarada Milli Liderimiziň her bir eseriniň ykballara, döwürlere serpaýdygy baradaky pikirler goşgy setirleriniň, ganatly jümleleriň, şirin aýdymlaryň üsti bilen beýan edildi. Ýaňlanan aýdym-sazlar, edebi-sazly çykyşlar bolsa milli Liderimiziň her bir kitabynyň durmuşymyzyň görkanalygyny artdyryşy ýaly, tanyşdyrylyş dabarasynyň özboluşly bezegine öwrüldi.
Döredijilik äleminde ählimize görelde, ýol görkeziji şamçyrag bolan Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, edebi mirasyndan söz açylýar. Bu eser gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedir.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň döreden beýik döwletlerinden söz açyp: «Olaryň biri bürünç zamanynda gülläp ösen Altyndepe we Gadymy Margiana siwilizasiýalarydyr. Ikinjisi, Parfiýa döwleti. Üçünjisi, türkmenleriň guran Beýik Seljukly döwleti», şeýle-de: «...Ýöne welin, bu agzalan meşhur siwilizasiýalaryň we döwletleriň öňüsyrasynda Gadymy Änew medeniýetiniň gülläp ösendigini göz öňünde tutmalydyrys» diýmek bilen, ýokarda sanalan medeniýetleriň özeninde gadymy ak bugdaýyň watanynyň durandygyna ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň taryhyna, medeniýetiň ösüşine umumylykda akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan çuňňur many-mazmunly, taryhy maglumatlary hem-de şanly geçmişimizi dabaralandyrýan hekaýatlary özünde jemleýän kitaplaryny halkymyza yzygiderli sowgat bermegi biz—ylmy işgärleriň döredijilikli işlemegi üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Taryhy-medeni gymmatlyklardan söz açýan, «Hakyda göwheri» atly kitap Watanymyzyň her bir raýatynyň ýan kitabyna öwrüler. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşda ýol-ýörelge görkezýän ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Goý, ata Watanymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.