«Hakyda göwheri» – toý sowgady

06-02-25

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy baradaky hoş habar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Şeýle-de türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berlipdir.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly täze kitaby neşir edildi. Bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar. Bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhy ösüşine hem goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikir-garaýyşlaryny hem halka ýetirýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň, agzybir halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada maglumatlar giňden beýan edilýär.

«Hakyda göwheri» iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda, ikinji babynda bolsa ruhy-medeni mirasymyzyň köpöwüşginli gymmatlyklary hakynda söz açylýar. 

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gaýdýan geçmiş ýoluna ser salanyňda, bir ýagdaý ünsüňi çekýär. Her müňýyllygyň başynda türkmenler bir beýik imperiýa döredip, çar ýana ýaýylypdyrlar, ylmyň we medeniýetiň ösüşine uly goşant goşup, dünýäniň çarhyna bat beripdirler. Dürli döwürlerde döredilen beýik döwletleriň taryhyny deňeşdirip öwrenmek, yzygiderli beýan etmek we olary döreden milletiň taryhy hakynda umumylaşdyrylan düşünjäni döretmek hem möhüm wezipeleriň biridir.

Bize ähli babatda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän, Watany söýmegiň we oňa hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun, aýdyň maksatly dünýä nusgalyk işleri uly üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!

Şirinjemal ZYÝAJANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.