HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝÖRELGESI — KÄMILLIGIŇ MEKDEBI
19-03-25
Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyz ösüşiň kämil derejesi bagta barýan ak ýollarda batly ynam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Her bir tutumda bize nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Her bir tutumda halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Ata-babalarymyzyň ýörelge mekdebine uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa..” atly ajaýyp kitabynyň 4-nji baby hem “Halypa - şägirtlik däpleri” diýip atlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyz: “Perzende söz edebini, hereket edebini, kalp edebini öwretmek, ilkinji nobatda, ene-atanyň borjy bolup durýar” diýip bellemek bilen, ene-atanyň ilkinji görelde we maşgala mekdebini kemala getirýändigini nygtaýar.
Halkymyzyň arasynda: “Ussat – nagyşdyr, şägirt bolsa nagyş öwrenijidir”, “Ussat – agaçdyr, şägirt bolsa onuň kölegesidir. Egri ösen agajyň dogry kölegesi bolmaz” diýilýär. Halyp-şägirtlik ýoly babatda Muhammet Gazaly “Ylym hakynda” kitabynda: “Mugallymda üç häsiýet jemlense, kämillige ýeter: ylym öwretmäge sabyrlylyk, pespällik, gözel ahlak. Talypda üç häsiýet jemlense, kämillige ýetişer: akyl, edep, düşbülik” diýip ýazypdyr.
Ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, bagtyýar geljegidir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesi biz üçin bahasyz ýol-ýörelgedir. Arkadagly Serdarymyzyň: “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen belent ynamyna jogap edip, yhlasly hem döredijilikli zähmetimiz bilen ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şöhratly taryhymyzy, ata-baba asylly ýol-ýörelgelerimizi çuňňur öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga, geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze döwrebap mekdepler bina edilip, uzak möhletli milli maksatnamalar kabul edilip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak — biz ýaşlaryň bilim we döredijilik mümkinçiliklerimizi ösdürmek işleri üstünlikli dowam edýär. Bilimli nesli ýetişdirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýperi AÝAZOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.