Söz ussadynyň pähim-paýhasly döredijiligine belent sarpa

04-12-25

Mälim bolşy ýaly, ýakynda biziň ählimiz üçin şatlykly, buýsandyryjy wakalaryň biriniň bolandygyny belläsimiz gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” hem-de hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly täze kitaplarynyň elimize gowuşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ajaýyp eserlerde merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň, şol sanda akyldar şahyrmyz Magtymguly Pyragynyň  döredijiligi, milli edebiýatyň baý hazynasy hakynda aýdyň beýan edilýär.

Halkymyza sowgat bolan Milli Liderimiziň “Hakyda göwheri” hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaplary geljek nesiller üçin gymmatly hazynadygyr. Gahryman Arkadagymyzyň watandaşlarymyza serpaý eden eserleri halkyň ruhy we medeni gymmatlygyna öwrüldi. “Hakyda göwheri” atly täze kitap hem Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Bu eser gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüler. Alym Arkadagymyz döredijilik gözlegleri barada aýdyp, bu kitaby döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär.

Alty bölümden ybarat “Ruhy miras” babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine üns çekilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Hut şu jähetden, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Magtymguly - dünýäniň akyldary” täze kitabynyň Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryny berkitmekde we halklaryň arasynda medeni dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdiler. «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» atly bölümlerden ybarat bolan täze kitapda dana şahyryň baý edebi mirasy, parasatly döredijilik mekdebi, Magtymguly Pyragynyň dünýä ýüzündäki belent sarpasy hakynda paýhasly pikirleriň öňe sürülýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” hem-de hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaplary akyldar şahyryň döredijilik dünýäsine düşünmäge aýdyň ýoldur, dury çeşmedir. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, akyldar şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan edebi mirasyny, gadymdan gelýän dilimiziň gymmatly baýlygyny çuňňur öwrenmekde nusgawy kitabyň ähmiýeti juda uludyr. Taryhy uzak müňýyllyklardan gözbaş alýan halkymyzyň baý edebiýaty, dili hem-de şöhratly taryhy bar. Şeýle şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenmek, geçmişde ýaşap geçen parasatly akyldarlarymyzy dünýä ýaýmak asylly we beýik ýörelgedir.

Ajaýyp kitaplar nusgawy edebiýatymyzy, milli dilimiziň gymmatly baýlykdygyny çuňňurlygy bilen giňişleýin beýan edýär. Bu parasatly sözler akyldar şahyryň eserlerine akyl ýetirmek üçin hem, dünýä düşünmek üçin hem beýik pikirlerdir. Şonuň üçin hem şeýle parasatly sözlerden ugur alyp, şahyryň eserlerini wagyz etmek, ýaş nesillere ýetirmek biziň her birimiziň möhüm ugrumyz bolup durýar. Çünki şöhratly taryhymyz hem akyldar şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde, milli ýörelgeleri wagyz etmekde gymmatly çeşmedir.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň täze eserleriniň many-mazmunyny çuňňur öwrenip, ýaş neslimize giňden wagyz etmek her birimiziň mukaddes borjumyzdygyny beýan edip, şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilmegi, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde dabaralandyrmak, söz ussadynyň pähim-paýhasly döredijiligini giňden ýaýmak babatdaky taýsyz tagallalary hem-de goldaw-hemaýatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy beýan edýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiz, sungatymyz, gadymy hem şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Milli Liderimiziň “Hakyda göwheri” hem-de hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly kitaplary nusgawy edebiýatymyzyň paýhas hazynasydyr. Gadymdan gelýän milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýýan, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Geldimyrat MYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiya kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.