FIZIKA DERSINI OKUWÇYLARA ÖWRETMEGIŇ USULLARY

04-02-25

Ber­ka­rar­ döw­le­ti­ň täze eýýamynyň Galkynyşy ­döw­rün­de­ ru­hu­be­lent,­ ýo­ka­ry ­ah­lak­ly­ we­ bi­lim­li ­ýaş ­nes­li ­ke­ma­la­ ge­tir­mek­ hormatly Prezidentimiz­ Serdar Berdimuhamedowyň­ anyk­ kes­git­län döw­let­ ösü­şi­niň­ stra­te­gik ­we­zi­pe­le­ri­niň ­bi­ri­dir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş­lar­ ba­ra­da­ky ­döw­let­ sy­ýa­sa­ty ­ola­ryň­ sag­dyn­ ös­me­gi ­hem­-de ke­ma­la­ gel­me­gi­ üçin­ has ­oňaý­ly ­şert­le­ri ­dö­ret­mä­ge,­ jem­gy­ýe­tiň ­we ­döw­le­tiň ­bäh­bi­di­ne­ ýaş­la­ryň­ aň­-paý­has,­ dö­re­di­ji­lik,­ ru­hy ­müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ­do­ly ­ama­la­ aşyr­ma­ga­ gö­nük­di­ri­len­dir. 

Fizika we astronomiýa sapaklarynda mesele çözülende tebigat bilen, ýagny, biziň daş-töweregimiz, gündelik gabat gelýän hadysalar bilen baglanyşdyrylyp öwredilse okuwçylarda fizika dersine bolan gyzyklanma, höwes döräp fizika ylmynyň açan her bir kanunynyň adamzadyň durmuşyndaky tutýan orny we ondan nähili peýdalanylýandygyna düşünýärler.

Fizika dersinde kompýuter serişdelerinden (modelleşdirmek, kompýuter grafikasy, multimedia) peýdalanyp, tejribe synaglarynyň netijelerini taýýarlamak bolýar. Orta mekdepde fizika sapaklarynda kompýuter modelleriniň dürli görnüşleri ulanylýar. Esasan hem öwrediji programmalary, görkezme programmalary, kompýuter tejribeleri, barlaýjy programmalary, elektron didaktiki maglumatlary sapakda ulanmak bolar. Şeýlede bu programmalar iki ýa-da ondan-da köp programma elementlerini özünde saklap bilýär.

Kompýuter modeli — kompýuter programma serişdeleri bilen ýerine ýetirilýän modeldir. Kompýuter modeli diýlip, fiziki tejribe-synaglary geçirmäge, meseleleri çözmäge, hadysalaryň bolup geçişini görkezmäge mümkinçilik berýän kompýuter programmalaryna düşünilýär.

Fizika dersinden guralýan sapaklarda kompýuter modellerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Munuň üsti bilen okuwçylar öwredilýän maglumatlary doly özleşdirýärler. Maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň iň bir ösýän ugurlarynyň biri hem fiziki hadysalary kompýuterde modelleşdirmekdir. Mugallym kompýuter modellerini ulanyp, öwrenilýän temany täze usullarda täsirli we ýatda galyjy görnüşde okuwçylara ýetirip bilýär. Bu usul bolsa okuwçynyň öwrenilýän derse gyzyklanmasyny artdyrýar, özbaşdak pikirlenmek ukuby kämilleşdirýär.

Häzirki döwürde orta mekdepler üçin fizika dersinde kompýuter modelleri bilen işlenende, internetden giňden peýdalanylýar. Internetdäki türkmen diline terjime edilen interaktiw sapaklaryň ýygyndysyndan matematika, fizika, astronomiýa, geografiýa, himiýa we biologiýa boýunça dürli multimedia maglumatlaryny peýdalanmak mümkin. Kompýuter modelleri bilen işlenende okuwçylary çylşyrymlylygy dürli bolan ýumuşlar bilen üpjün etmek möhümdir.

Bilim ynsanyň aň-düşünjesini ösdürýän bolsa, ylym ony kämilleşdirýär we bu iki güýç bir bitewiligi emele getirýär. Bu bitewilik ynsany belli bir ugra gönükdirýär we geljegine ynamly garamagyny şertlendirýär. Halkymyz taryhda öçmejek yz galdyran eždatlarymyzyň bize miras galdyran däplerine, ylma-bilime sarpa goýýar. Asyrlardanasyrlara geçip gelýän edim-gylymlarda-da, däp-dessurlarda-da halkymyzyň bilimli adamlary hormatlandygyna mysallar näçe diýseň bar. «Bilimli il ozar» diýlen pähime eýerýän hormatly Prezidentimiz hem bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen tutumly işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa bilim işgärleriniň öňünde hem jogapkärli wezipeleri goýýar. Ýurtbaştutanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalaryna jogap edip, biz mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekeris, bildirilen ynamy ödäris.

Kämil ylym-bilimli nesil şu günüň geljege goýup biljek iň gymmatly mirasydyr. Şeýle uly mirasyň galmagyna şärik bolmak bilim işgärleriniň bagtyny goşalandyrýar. Şonuň üçin hem gursagymyzda joşgun, dilimizde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilerli däl. Goý, eziz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nurana geljegimiz üçin alyp barýan belent işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Näzli MAKSATMYRADOWA,
Lebap welaýat Darganata etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 12-nji "B" synp okuwçysy.

Halypa mugallymy: Göwher ESENÝAZOWA,
Lebap welaýat Darganata etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň fizika mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.