Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1687168d822cdb.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanda täze ministrler wezipä bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalygynda alnyp barylýan işleriň jemleri jemlendi.

168716bfcef7af.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy hem-de 2025-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

16870a9b796c04.jpeg
5 aý ozal
Mary halkara howa menzili halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň "Türkmenhowaýollary" agentliginiň Mary halkara howa menzili menziliň içerki aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen göterilýän döwrebap radiostansiýalary satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

16870a62515a44.jpeg
5 aý ozal
Gahryman Arkadagymyz myhmanhanalaryň LLDC3 maslahatyna taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde "Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky käbir myhmanhanalaryň geçiriljek çärelere taýýarlyk derejesi we olarda döredilen şertler bilen tanyşdy.

16870a4ef3a96d.jpeg
5 aý ozal
Gahryman Arkadagymyz Awazada gämi ýüzüşi amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde gämide deňziň çägi boýunça ýüzüşi amala aşyrdy. Ýüzüşiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri deňziň kenarynda ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

168709fb1cac30.jpeg
5 aý ozal
Gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi: Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy

Ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olaryň yhlasly we öndürijilikli zähmeti netijesinde, Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy.

1686f536462d65.jpeg
5 aý ozal
Awazada dostluk festiwaly geçiriler

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň awgust aýynda Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilýän pursatlarynda medeni-ynsanperwerlik çäreleriniň guraljak ýerine hem baryp gördi.

1686f51c3b0895.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.

1686f503befe0f.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan ÝB bilen bilelikdäki taslamalary işjeň durmuşa geçirmek isleýär

Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdirýetiniň sebit boýunça direktory Peteris Ustups Ýewropa Bileleşiginde akkreditirlenen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşdy.

1686f4f5508489.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan bilen ÝB-niň baş diplomatlarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary, daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.