Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168395165ba577.jpeg
4 aý ozal
Onlaýn döwlet hyzmatlary e.gov.tm portalynyň gerimi giňeýär

Türkmenistanyň e.gov.tm döwlet hyzmatlarynyñ internet-portalynda Döwlet migrasiýa gullugyna onlaýn ýazylmak ulgamy elýeterlidir. Bu ulgam arkaly biometrik pasport almak ýa-da degişli bölümleriň we müdirlikleriň ýolbaşçylaryna baryp görmegiň öň ýanyndan amatly wagt saýlap bolýar.

16839543d5a4a6.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan bilen “Newsweek” halkara dialogy ösdürmekde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda “Newsweek” halkara habarlar agentliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory Lor Kreýn bilen duşuşyk geçirildi.

168394d9b7ca0b.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan YHG agza döwletleriň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy ejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýolbaşçy derejesinde gatnaşdy.

1683953500fc54.jpeg
4 aý ozal
Logistika hyzmatlary boýunça satuw menejeri hünärine eýe bolmak mümkinçiligi

Logistikada üstünlikli karýera gurmak isleýärsiňizmi!? Onda, sizde aýajyp mümkinçilik döredi! “Maslahatly çözgüt” HJ-niň topary, öňdebaryjy logistika kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Satuw menejeri (Logistika hyzmatlary boýunça)» treninglerine topar ýygymyny yglan edýär!

16837dfb4ccecf.jpeg
4 aý ozal
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

16837f0ad9db94.jpeg
4 aý ozal
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi.

16837f3774dd5e.jpeg
4 aý ozal
Aşgabatda “Türkmentextile Expo-2025” halkara sergisi geçiriler

2025-nji ýylyň 11-13-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň iň täze üstünlikleri we  halkara hyzmatdaşlygynda ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrýan “Türkmentextile Expo-2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler.

16837ef0402078.jpeg
4 aý ozal
Türkmen wekiliýeti «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Çäre BMG-niň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň düzümleriniň wekillerini, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň we beýleki ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

16837f4a959a55.jpeg
4 aý ozal
2025-nji ýylda 3 müňe golaý türkmenistanly zyýaratçy haj saparyna ugradylýar

Şu ýyl Türkmenistandan 2844 zyýaratçy yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri bolan Mekke we Medine şäherlerinde haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystanyna zyýarata ugradylýar. Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň maglumatlaryna görä, 289 adam döwlet serişdeleriniň, galan 2555 adam hem öz serişdeleriniň hasabyna haj zyýaratlaryny amala aşyrarlar diýlip, “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär. 

16837e44693bc9.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanda iýun aýynyň medeni we sport çäreleriniň meýilnamasy mälim edildi

Iýun aýynda Türkmenistanda medeni, ylym we sport ulgamlaryny öz içine alýan birnäçe baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Seýidowa anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.