Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesiller üçin sport çäresini geçirdi
Düýn «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaşlary watansöýüji, ruhubelent, sagdyn bedenli, ugurtapyjy, gujurly-gaýratly kemal getirmek maksady bilen sport hem-de döredijilik çäreleri gurnaldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar
2025-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 3-nji iýuly aralygynda Sewilýa şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt-2025” bäsleşigine arzalary kabul edip başlady
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk şu gün, ýagny 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm saýtynda açyldy.
Täze halkara ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hususyýetçilik pudagy hil taýdan täze taryhy tapgyra gadam basdy. Telekeçiligi yzygiderli ösdürmek bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleriniň biridir.
Lebap we Mary welaýatlarynda täze awtotürgenleşik meýdançalary açyldy
Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýrmasy esasynda gurlan täze awtotürgenleşik meýdançalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Döwrebap okuw toplumlary sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, sürüjileri taýýarlamak derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada sişenbe güni neşir edilen "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetinde habar berildi.
"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiñ 5G ulgamyny ösdürmekdäki orny
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Aşgabat Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezine öwrüldi
Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) sebitleýin okuw merkeziniň derejesini aldy. Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama 2025-nji ýylyň 26–28-nji iýunynda geçirilen guramanyň geňeşiniň 145–146-njy sessiýasynda gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.
Geljegiň nawigasion ulgamy
Rocket Lab kompaniýasy Ýewropa kosmos agentligi (ESA) bilen täze pes orbitadaky LEO-PNT nawigasion ulgamy üçin iki sany kiçi hemrany uçurmak barada şertnama baglaşandygyny yglan etdi.
Brýusselde Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini Türkmenistanda döretmek barada Ähtnama gol çekildi
2025-nji ýylyň 26–28-nji iýun aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň 145–146-njy mejlisleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Arkadag şäheriniň şanyna
29-njy iýunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.