Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16798a4928f36e.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan bilen Ýaponiýa ulag we energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrar

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna bolsa Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Işikawa Masaki başlyklyk etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

16798a27e963b7.jpeg
5 aý ozal
Geçen ýyl Türkmenistanyň we Hytaýyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $10,6 milliard boldy

2024-nji ýylda Türkmenistanyň bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 10,6 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

16798aa7222fb2.jpeg
5 aý ozal
Hytaýyň “DeepSeek” emeli intellekt modeli täzelik döretdi

Hytaýyň öňdebaryjy emeli intellekt kompaniýasy “DeepSeek”, R1 atly täze emeli intellekt modelini tanyşdyrdy. Bu model, dünýäde giňden ulanylýan “OpenAI”-nyň “ChatGPT” modeline meňzeş ukyplara eýe bolup, has arzan bahadan hyzmat edýär. “DeepSeek”-iň bu täze modeli emeli intellekt ulgamynda ýene bir uly ädim hökmünde kesgitlenýär.

1679722222d2b8.jpeg
5 aý ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli maslahat geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde geçirilen maslahata agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri hem-de Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

167971cdf19555.jpeg
5 aý ozal
“Türkmenpoçta” “International Postal System” halkara sanly ulgamyna birikdiriler

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyna ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

167971a6d2521b.jpeg
5 aý ozal
Aşgabatda dolandyryş we IT-ulgamlarynda tejribe ýarmarkasy geçiriler

Şu gün “Arkaç” Söwda merkeziniň “Iş Nokady” maslahatlar zalynda tejribe ýarmarkasy geçirilip, onda kompaniýalar öz maksatnamalaryny hödürläp hem-de talyplaryň we uçurymlaryň arasynda ökde hünärmenleri tapyp bilerler.

1679719197b31d.jpeg
5 aý ozal
Gyrgyzystan-Ýewropa ulag geçelgesi Türkmenbaşy portunyň üstünden geçer

Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda doly güýjünde işleýän Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Ýewropa Bileleşigi ulag geçelgesiniň möhüm bölegini emele getirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.

16797181f63451.jpeg
5 aý ozal
Türkmen kärhanalary Moskwada geçiriljek “RosBuild 2025” sergisine çagyryldy

Türkmen kompaniýalary Moskwa şäherinde 11–14-nji mart aralygynda geçiriljek “RosBuild 2025” atly gurluşyk pudagynyň sergisine gatnaşarlar. Ol türkmen işewürlerine öz önümleri bilen tanyşdyrmaga we Russiýanyň gurluşyk düzümleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikleri döreder. 

167932a852a925.jpeg
5 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz ýol we ýangyn howpsuzlygy boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň möhümdigini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda içeri işler edaralarynyň, şol sanda ýol gözegçilik we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.

167932909a381e.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanda işewürligiň sanly transformasiýasy: EDI tehnologiýasynyň resminama dolanyşygyny aňsatlaşdyrýandygy barada

23-nji ýanwarda “Arkaç” söwda-medeni dynç-alyş merkeziniň “Iş Nokady” maslahatlar zalynda “Elektron täjirçilik resminama dolanyşygy (EDI): Türkmenistanyň işewürligi we ugrukdyryjylary üçin täsirler” atly mowzuk bilen seminar geçirildi. Çäre 70-e golaý gatnaşyjyny, şol sanda işewürligiň wekillerini, şeýle hem žurnalistleri ýygnady. Çärä gatnaşmak mugt esasda amala aşyryldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.