Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
163c0e1a9ed11e.jpeg
2 ýyl ozal
Ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda «Ýaşyl geçelgeler» döredildi

2022-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hereket edýän «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň üstaşyr modulyny «TIR-EPD» maglumat ulgamy bilen utgaşdyryp, işe girizdi. Şeýle hem, «TIR» kitapçasyny ulanmak bilen, halkara ýükleri daşamagy amala aşyrýan awtoulag serişdeleri üçin ýörite «Ýaşyl geçelgeler» döredildi. Bu barada www.customs.gov.tm habar berýär.

163bf74af04137.jpeg
2 ýyl ozal
Paýtagtymyzda sanly hyzmatlar işe girizildi

Aşgabat şäher häkimligi «e.ashgabat.gov.tm» salgyda ýerleşýän sanly hyzmatlar portalynyň işini ýola goýdy. Indi ýurdumyzyň raýatlary bu onlaýn hyzmatlar arkaly gymmatly wagtlaryny tygşytlap, jemagat hyzmatlaryny ýagny, suw, zir-zibil, jaý jemagat hyzmatlary töleglerini onlaýn görnüşde töläp bilerler, bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň web-saýty habar berýär.

163be4e674c013.jpeg
2 ýyl ozal
“TMCELL” arkaly SMS-habarnamasy ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi ýatladýar

Şu günler ýurdumyzda gyş paslynyň sowuk hem-de aýazly günleri dowam edýär. Şeýle günlerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek has möhüm bolup durýar.

163be46b8062d5.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan Hytaýdan ýük teplowozynyň $30 millionlyk ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar

Hytaýyň teplowoz öndüriji CRRC Ziyang kompaniýasy duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen dabarada Türkmenistana 30 million dollardan gowrak ýük teplowozynyň ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek boýunça şertnama baglaşdy.

163be41ddd98f5.jpeg
2 ýyl ozal
Eýran we Russiýa Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagyny maslahatlaşdylar

Tähran we Moskwa Eýrandaky Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagy boýunça gepleşik geçirdiler. Bu barada Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministriniň orunbasary Şahriar Afandizadehiň aýdanlaryna salgylanyp, IRNA agentligi duşenbe güni habar berdi.

163be457dc4d9d.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Eýran energiýa we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýranyň Ykdysady diplomatiýa boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Mahdi Safari duşenbe güni Aşgabatda geçiren duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika, ulag we üstaşyr pudaklaryndaky özara hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.

163bc73a211812.jpeg
2 ýyl ozal
Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundysy işe girizildi

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär. Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz.

163bc6ffc5feef.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan lokomotiwleri satyn almak üçin Hytaý kompaniýasy bilen 30 million dollarlyk şertnama baglaşdy

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär. Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz.

163bc6cc85fc3a.jpeg
2 ýyl ozal
ÝÜK WE ÝOLAGÇY GATNATMAGYŇ ÖSÜŞ DEPGINI ÝOKARLANÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynda Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler, özgerişler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda hyzmat edýän halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli awtobuslar, taksiler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç, kanagatlanma duýgusyny döredýär.

163bb0bdf4c4f2.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Hytaý özara ulag infrastrukturasyny döretmäge taýýar

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki beýanyna görä, ýurtlar transport infrastrukturasyny döretmäge taýýar. Pekindäki gepleşiklerden soň, bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň başlygy Si Szinpin gol çekdi. Bu barada «turkmenistan.gov.tm» habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.