Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Russiýa Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi boýunça Türkmenistan bilen söwdanyň ýokary depginde ösmegine garaşýar
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň, şol sanda Mahaçkala deňiz söwda portunyň üsti bilen söwda dolanyşygy durnukly öser we ýakyn ýyllarda has-da netijeli bolar. Şeýle çaklama Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow tarapyndan TASS bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýdyldy.
Innowasion tehnologiýalar halkyň saglygynyň goragynda
Golaýda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda geçirilen “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy” atly halkara ylmy maslahat bu täsin “akylly” şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi.
«Arkadag şäheri – akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahaty
BAGTYÝAR DEMIRÝOLÇULAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulaglar düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi döwletimiziň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir.
Türkmenistan bilen Dagystanyň arasynda yzygiderli parom gatnawy ýola goýlar
2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň günbataryndaky Türkmenbaşy şäheri bilen Dagystanyň paýtagty Mahaçkalanyň arasynda konteýnerleri daşamak üçin niýetlenilen ýük gämileriniň yzygiderli gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Ärdogan Türkmenistana «TOGG» elektik ulaglaryny sowgat etdi
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat hökmünde «TOGG» kysymly elektrik awtoulaglaryny iberdi.
«Arkadag» teleýaýlymy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen döredilen «Arkadag» teleýaýlymy Türkmenistanda ýaýlyma başlady.
Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň topary «Ýüpek ýoly — 2023» halkara rallisine gatnaşar
5-nji iýulda «Ýüpek ýoly — 2023» halkara rallisi badalga alar. Oňa gatnaşyjy toparlar 5 müň kilometrden gowrak ýola çykmazdan ozal tehniki barlaglardan geçerler. Ralli 15-nji iýulda Kremlinde tamamlanar.
«Arkadag» gazetiniň birinji sany çapdan çykdy
29-njy iýunda «Arkadag» gazetiniň ilkinji sany okyjylara gowuşdy. Gazetiň täze sany Arkadag şäheriň açylyşyna bagyşlanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti täze gazetiň neşir edilip başlanmagy mynasybetli onuň döredijilik işgärlerine we okyjylaryna Gutlag ýollady. Gutagda, hususan-da, şeýle ýazylýar:
Hytaýdan Özbegistana ugradylan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Hytaýyň Özbegistana ugradan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi. Bu barada “Uzdaily” internet neşiri duşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.