Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
163cd89d5afd70.jpeg
2 ýyl ozal
Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular

16-21-nji ýanwar aralygynda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Halkara ýol ulaglarynyň ýük daşamalary we üstaşyr ulgamlar boýunça departamentiniň direktory hem-de bu departamentiň geňeşçisi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda iş saparynda boldular. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

163cd94019912e.jpeg
2 ýyl ozal
Owgan ýük awtoulag düzümi Türkmenistanyň üstünden geçer

Owgan harytlaryny özünde jemleýän ýük awtoulag düzümi Owganystanyň demirgazyk Farýab sebitinde ýerleşýän Akina nokadyndan geçirildi. Bu barada owgan inernet habar neşiri Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministriniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

163cb57412146a.jpeg
2 ýyl ozal
Russiýanyň Türkmenistandan üstaşyr ýük gatnawlary 4 esse artdy

Russiýadan geçen ýylyň deslapky jemleri boýunça Türkmenistanyň çäklerinden sebitiň beýleki ýurtlaryna geçirilýän ýük gatnawlary 4 esse artdy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

163cb56be0e3f6.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Russiýa iki sany gury ýük daşaýjy gämisini gurmakçy

Türkmenistanyň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ Tatarystanyň “Ak Bars” korporasiýasy bilen bilelikde iki sany gury ýük daşaýjy gämisini gurmagy maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynyň dowamynda aýdanlaryna salgylanyp, TASS habarlar gullugy habar berdi.

163cb561be4523.jpeg
2 ýyl ozal
«KamAZ» elektrobuslarynyň 2-sini Türkmenistana synag etmek üçin iberdi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «KamAZ» kompaniýasy özüniň öndüren elektrobuslarynyň 2-sini Türkmenistana synag etmek üçin iberdi. Bu barada «KamAZ» kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Kogogin türkmen-rus işewürlik forumynda žurnalistlere beren beýanatynda belläp geçdi.

163cb5b4373bcc.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

163ca04c26026c.jpeg
2 ýyl ozal
Owganystan Akina gury portyndan Türkiýä haryt eksport edip başlady

Owganystan ilkinji gezek demirgazyk Farýab welaýatynyň Akina gury portynyň üsti bilen Türkiýä haryt eksport edip başlady. Bu barada Owganystanyň “Ariana” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

163ca03c855615.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky kassasynda elektron petekleri yzyna tabşyrmak üçin penjire açyldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky esasy howa gatnawlarynyň baş gullugynda elektron uçar peteklerini yzyna gaýtarmak üçin aýratyn penjire açyldy.

163ca052da5324.jpeg
2 ýyl ozal
Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ýük iberilmeginiň mukdary 36,3% ýokarlandy

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça Demirgazyk demir ýol menzillerinden 2022-nji ýylda 0,6 million tonnadan gowrak ýük iberildi. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 36,3 göterim ýokarlandy. Bu barada “Interfax-Russiýa” agentligi duşenbe güni habar berdi.

163c8b329a4220.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Azerbaýjan BMG-nyň e-CMR teswirnamasyna goşuldy

Azerbaýjan we Türkmenistan kagyz serişdelerini ulanmazdan ýük daşamalaryny amala aşyrmak we olaryň deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlardan deňize çykalgasy bolan ýurtlara daşalmagyny güýçlendirmek maksady bilen BMG-nyň e-CMR ulgamyna goşuldylar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.