Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
163bb0a7178dc0.jpeg
2 ýyl ozal
Gecen ýylyň 11 aýy boýunça Türkmenistan-Türkiýe ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $1,86 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Türkiýäniň ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 1,86 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,7 göterim ýokarydyr. Bu barada Türkiýäniň statistika institutynyň (TurkStat) beren maglumatynda habar berilýär.

163bb146dbd188.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Hytaý kosmos pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Türkmenistan kosmos pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde anna güni çap edilen makalasynda aýdylýar.

163bb08c733a96.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we HHR ulag boýunça ylalaşyk taýýarlaýar

Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň başlygy Si Szinpiniň gol çeken bilelikdäki Beýannamasynda Türkmenistanyň hem-de HHR-niň hökümetleriniň arasynda halkara awtomobil ulagy baradaky şertnamanyň taslamasynyň ylalaşylmagyny tizleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. 

163bb0637ec003.jpeg
2 ýyl ozal
Özbegistandan iberilen mis konsentraty Türkmenbaşy portundan Ýewropa ugradyldy

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty mis konsentratynyň 91 tonnasyny Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlarynyň – Hytaý- Gyrgyzystan- Özbegistan – Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa multimodal ugrunyň çäklerinde Bakuwyň halkara deňiz portuna ugratdy – diýip, “Azerbaýjan demir ýollary” habar berýär.

163b84de281004.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Bütindünýä Uniwersitetler reýtinginiň sanawyna goşuldy

Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologik hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Ýurdumyz bilim ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak bilen, halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

163b7b2f531a59.jpeg
2 ýyl ozal
Täze şäherara awtobus gatnawlary ýola goýlar

2023-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan «Aşgabat — Sarahs — Aşgabat» we «Aşgabat — Arçman — Aşgabat» ugurlary boýunça awtobus gatnawlarynyň ýola goýulýandygy barada habar berilýär

163b7af466c684.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny artdyrdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatdan Stambula uçuşlaryň sanyny hepdede dörtden bäş gezege çenli artdyrdy. Muny awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndaky awiapetekleriň satuwy baradaky maglumatlar hem görkezýär.

163b6618b89b1c.jpeg
2 ýyl ozal
«Balkan» ýük gämisi Azerbaýjana ýük daşamak üçin ulanylar

2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ «Balkan» ýük gämisini Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük konteýnerlerini daşamak üçin ulanar. Bu barada wzglyad.az saýtynda habar berilýär.

163b509906638f.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat ― Frankfurt uçuşlarynyň sanyny azaltdy

Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň halkara howa menziliniň berýän maglumatlaryna görä, hepdede iki gezek amala aşyrylýan uçuşlar gyş meýilnamasynada bir gezege geçirildi.

163b5072cc35c6.jpeg
2 ýyl ozal
Russiýada demir ýol ýük daşamalary üçin nyrhnamalar 8% ýokarlandy

Russiýanyň demir ýol infrastrukturasy arkaly ýük daşamak üçin nyrhnamalar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 8 göterim ýokarlandyryldy. Bu barada Antimonopoliýa federal gullugynyň Russiýanyň kanuny maglumatlarynyň resmi web sahypasynda ýerleşdiren buýrugyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.