MILLI BILIM ULGAMY: ösüşleriň täze döwri
21-01-26
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty uly rowaçlyklara beslenýär, ýurdumyz gülleýär hem ösýär. Ata Watanymyzyň nurana ertiri bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ähli mumkinçilikler döredilyär. Bu gün gujurly, ylymly türkmen ýaşlary täze eýýamyň galkynyşyndan ruhlanyp, dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelemek meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly ýeňişler, belent sepgitler, ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky şeýle beýik özgertmeler, täze gurulýan obalardyr şäherler, ýaşaýyş toplumlary jemgyýetimiziň kämillige tarap özgermegine, merdana halkymyzyň täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmagyna uly itergi berýär. Munuň özi eziz ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hataryna ymykly goşulýandygyny äşgär edýär.
Sanly tehnologiýalaryň, sanly serişdeleriň, akylly enjamlaryň, elektron maglumat göterijileriň, wideo we audio şekilli ýazgylaryň bilim bermek işinde netijeli peýdalanylmagy dünýä ylmy hem ösen tejribesi bilen aýakdaş gitmäge uly mümkinçilikleri açýar.
Bilim – ösüşiň netijeli guraly hökmünde islendik döwletiň kuwwatlylygyny kepillendirmek bilen, ol kämilligiň çeşmesi, ähli özgerişleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda has-da öňe ilerleýär, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda barha döwrebaplaşdyrylýar.
Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer, oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, döwrümiziň badyna bat, şanyna şan goşýar.Ýeri gelende aýtsak, berkarar döwletimiziň ösüş ýolunyň täze belentliklerine ýetmeginde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň paýyna hem örän möhüm wezipeler düşýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi esasynda ýurdumyzda köpsanly döwrebap, sanly bilimi ornaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri bolan bilim edaralary açylyp, olarda türkmen ýaşlary dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Iň buýsançly ugurlaryň biri hem, ýaş nesliň kämil bilim almaklary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp gurlan we ösen innowasion enjamlar bilen üpjün edilen şeýle bilim ojaklarynyň sany ýylsaýyn artýar. Olarda ýokary hilli bilim almak hem-de ylym bilen meşgullanmak, dünýäniň meşhur ylym, bilim merkezleri bilen aragatnaşygy ýola goýmak, maglumat alyşmak üçin zerur şertler döredilýär.
Bu beýik ädimler ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmegiň we il-ýurt hem-de bütindünýä ähmiýetli ylmy açyşlary etmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Şeýle hünärmenler bolup ýetişmek düýpli ylmy, syýasy we hukuk taýdan ýokary medeniýeti, ösen dünýägaraýşy talap edýär. Ol bolsa innowasiýalara, ylmyň täze gazananlaryna we usulyýetlere goşulyşmazdan mümkin däldir. Milli bilim ulgamymyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we halkara ölçeglerine laýyk hünär derejesini ele almak wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň maglumatlaşmagy şertlerinde ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine hem aýratyn üns bermek zerur bolup durýar.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri, asylly ýörelgeleri bilen milli bilim ulgamyny uly özgerişlere besleýän, ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Dünýägül BAZARBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.