Ýaş neslimiziň goragynda
07-01-26
Hormatly Prezidentimiziň peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaklyga, ýaş nesilleriň geljegi hakyndaky aladalara gönükdirilýär. Çagalara bolan asylly we mähirli gatnaşyklar jemgyýetimiziň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny kesgitleýär.
Munuň özi ýaş nesilleriň sazlaşykly terbiýesi, doly derejeli ösüşi, ahlak we maşgala gymmatlyklarynyň dowamatlylygy, milli miras hakyndaky aladadan, ýaşlaryň her biriniň öz mümkinçiliklerini özbaşdak açyp bilmegi hem-de durmuş üstünliklerini gazanmagy üçin binýatlyk şertleri kemala getirmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň syýasy derejede we durmuş ulgamynda amala aşyrýan yzygiderli çäreleri hut şu ugra gönükdirilendir. Çagalykda şahsyýetiň esasy alamatlary, ahlak ugurlary we gymmatlyklary, durmuşa ukyplylygy hem-de maksada okgunlylygy ýüze çykyp başlaýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda maşgala, enelik we çagalyk hakyndaky alada, olaryň goraglylygy döwlet derejesindäki ýörelge bolup, saglygy goraýyşdan, bilim ulgamyndan başlap, ykdysadyýete çenli ähli ulgamlarda öz beýanyny tapýar. Onuň ösüş strategiýasy türkmen halkynyň abadançylygynyň, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetimiziň ruhy, aň-bilim, döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyna gönükdirilendir.
Ýurdumyzda çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek, öňüni alyş sanjymlaryny ilata mugt geçirmek ugrunda oňyn netijeler gazanylýar. Güneşli Diýarymyz Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Bu abraýly halkara guramasy tarapyndan berlen ýörite nusgadaky şahadatnamalaryň birnäçesi milli saglygy goraýyşda gazanylan ýokary sepgitler dogrusynda habar berýär. Ýurdumyzyň ähli etrapdyr şäherleriniň maşgala lukmanlary tarapyndan ene süýdüniň peýdasy barada geçirilýän düşündiriş we wagyz-nesihat işleriniň netijesinde 1 ýaşa çenli çagalaryň 98 göterimi diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilýär.
Biziň günlerimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri hem şu milli ruhy gymmatlyklara we umumadamzat maksatlaryna esaslanandyr. Çünki bu özgerişlikler ýurdumyzda bolşy ýaly, sebitde we bütin dünýäde hem adamlaryň abadançylygyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän tutumly başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen hem-de ählumumy gün tertibine çykarylan Durnukly Ösüş maksatlaryna hem kybap gelýär.
Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda ýurdumyzda «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we islendik ýaşda hemmeler üçin abadançylyga ýardam bermek» maksady giňden goldanylýar. Şu ugurda ýurdumyzda degişli hünär ugurly lukmançylyk edaralarynyň giň gerimli ulgamy döredildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklige, sporta söýgi çagalykdan başlap endik etdirilýär. Sagdyn bolmak hukugy — munuň özi adamyň esasy hukuklarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň baýlygydyr, jemgyýetiň ösmegi üçin zerur şertdir. Zähmete ukyply ilatyň saglygy ýurdumyzyň bagtyýar durmuşyny, çagalaryň saglygy bolsa, onuň geljegini üpjün edýär. Bu günki çagalar ertirki uly adamlardyr we olar üçin sagdyn ulgamy döretmek ýurdumyzyň yzygiderli ösmeginiň esasy bolup durýar.
Ýaş nesliň saglygyny berkitmek babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň uly işleri alyp barýandygyny nygtamalydyrys. Gazna paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeleri yzygiderli bölüp berýär. Şeýle çagalar üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk bejergileri geçirilip, sagaldyş-dikeldiş işleri alnyp barylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde geçen duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekilmegi bellenmäge mynasypdyr.
Umuman, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda alnyp barylýan nusgalyk işleriň ählisi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygydygynyň aýdyň güwäsidir. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mähri DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.