SANLY BILIM ULGAMY KÄMILLIGIŇ BINÝADYDYR

06-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim ulgamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmekdäki baş ýörelgesidir. Şoňa baglylykda, bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, halkara tejribeleri esasynda has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanda dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-tehnika babatda döwrebap gazananlaryndan ugur alnyp, kämil tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerini ýerine ýetirmekde anyk netijeler gazanylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan ylym, bilim babatda dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary netijesinde durmuşa geçirilýän halk bähbitli toplumlaýyn özgertmeler, bagtyýarlyk döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2026–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de has-da ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere, ykdysadyýetimiziň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda döwrebap ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, eziz Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Maglumat hem-de innowasiýa tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän, olaryň her bir ynsanyň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna çuňňur ornaşýan döwründe bilim ulgamynda täze wezipeler, usullar we bilim bermegiň täze çemeleşmeleri kemala gelýär. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdumyzda ähli zadyň gözbaşy bolan ylmy ösdürmekden ybaratdyr.

Bilim ojaklarynda sapaklary multimedia serişdelerini peýdalanyp interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimedia serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji, çuňňur özleşdirilmegine we okuwçylaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine kömek edýär. Şeýle hem sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn orun degişlidir. Ýaşlara bilim bermegiň bu tejribesi, bir tarapdan, ýaşlara ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynda zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň sapaklaryny öz bilim ojagynyň çäginden çykman özleşdirmeklerine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol mugallymlara özara tejribe alyşmaga hem kömek edýär. Maglumatlaryň sanly ulgama geçilýän döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek, olaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Ylym-bilim ojaklaryndaky kitaphanalaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy Diýarymyzyň kitap goruny ulanyjylara elýeterli etmäge mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ýurdumyzyň geljegi üçin ukyply hem-de zehinli ýaşlary terbiýelemekde, olary öz kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler örän netijeli häsiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, dünýä ylmynyň gazanan döwrebap usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň datly miwelerini berýär.

Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamynda öňe sürýän oňyn özgertmeleri we başlangyçlary bolsa bu ulgamyň mümkinçilikleriniň çägini barha artdyrýar. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Jeren GURBANDURDYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.