Saglygy goraýyş ulgamynyň beýik özgertmeleri
05-01-26
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň çäklerinde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şol işleriň netijesinde adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş merkezlerinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň ilat üçin elýeterli bolmagy, öňüni alyş çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi esasynda ilatyň kesellemek derejesi peselýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda güneşli Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, her bir güni şanly wakalara beslenýän döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Bu gün halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen tutumly işler has-da rowaçlanyp, oňat netijesini berýär.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryny, şypahana, sport, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap saglygy goraýyş düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlaryň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2018 — 2025-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakynda» Kararlary we beýleki möhüm resminamalar ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli, ruhy taýdan kämil ýaş nesilleri kemala getirmek boýunça netijeli işlere goşmaça itergi boldy.
Çagalaryň saglygyny goramak meselesi hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda döwlet tarapyndan kömege mätäç ýaş raýatlara aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Ştab-kwartirasy Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk ildeşlerimiz baradaky aladany baş maksat edinip, asylly işleri amala aşyrýar. Bu gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň ähli künjegindäki hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergi işleriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur serişdeleri satyn almak üçin yzygiderli goldaw berilýär.
Häzirki wagtda dünýäde ähmiýeti barha artýan sanly tehnologiýalar Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda-da giňden peýdalanylýar. Bu ugurda elektron resminama dolanyşygy ulgamy döredilýär. Şol sanda ony Aşgabat şäherindäki, welaýatlardaky saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Bu ulgam bejeriş-anyklaýyş işleriniň netijeli guralmagyna, lukmanlaryň zähmet netijeliliginiň ýokarlanmagyna, lukmançylyk gullugynyň, onuň bölümleriniň özara aragatnaşygynyň pugtalanmagyna ýardam berýär. Şeýle hem ol dünýä lukmançylygynda gazanylýan öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Galyberse-de, sanly tehnologiýalar göni wideoaragatnaşyk arkaly daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenleri bilen tejribe paýlaşmaga, anyklaýyş-bejeriş işi, dürli keselleriň öňüni almak babatda geňeşmeleri geçirmäge kömek edýär.
Taryh üçin gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny özünde jemleýän iri lukmançylyk merkezleriniň ençemesi guruldy. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hassahanalar paýtagtymyzyň günorta künjeginde özboluşly lukmançylyk şäherçesini emele getirýär. Şol saglygy goraýyş merkezleri dünýä derejeli iri ylmy-barlag we bejeriş-anyklaýyş edaralary bolup durýar.
Halkymyzyň bagtyýarlygy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmegi ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän lukman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Geldimyrat SAÝYPOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.