Saglygy goraýyş ulgamynyň buýsandyryjy üstünlikleri
05-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ilatyň saglygyny goramak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ulgamy ösen döwletleriň derejesine çykarmak, ýokary lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
2021-nji ýylyň martynda rejelenen görnüşde kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyklykda, saglygy goramak işini häzirki döwrüň talaplaryna esaslanyp guramak wajyp bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde kämilleşdirilmegine uly itergi berýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary, sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi has-da ýokarlandyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Köp sanly ugurdaş desgalar açylyp, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Bu kärhananyň önümleri ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilip, geljekde dünýä bazarlarynda-da mynasyp orny eýelär.
Ýurdumyzda täze desgalaryň birnäçesi — Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalar häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan lukmançylyk edaralary — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleri bilen birlikde geljekde ilatyň saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ganyň donorlygy hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Adam bedeniniň agzalarynyň we dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Milli maksatnamalardyr meýilnamalar saglygy goraýyş ulgamyny dürli ugurlar boýunça ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup, «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany», «Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany», «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýany» üstünlikli amal etmäge giň mümkinçilik berýär.
Ýaş nesilleriň saglygyny berkitmekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem uly işleri alyp barýar. Gazna paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileri we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeleri yzygiderli bölüp berýär. Şeýle çagalar üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk bejergileri geçirilip, sagaldyş-dikeldiş işleri alnyp barylýar. Gazna tarapyndan bejeriş-öňüni alyş edaralaryna täze «Tiz kömek» awtoulaglary, gemodializ we başga-da köp sanly döwrebap bejergileri geçirmek üçin enjamlary sowgat berildi.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri esasynda saglygy goraýyş ulgamynda BSGG bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly ulgam arkaly tejribe alyşmak, näsaglara degişli maslahatlary bermek ýola goýuldy.
Milli saglygy goraýyş ulgamynda toplanan tejribeleri baýlaşdyrmakda üstünlikleriň gazanylýandygy, telelukmançylyk, hususan-da, uzak aralykdan geçirilýän geňeşmeler we amaly lukmançylyga öňdebaryjy usulyýetleriň ornaşdyrylmagy arkaly tejribe alşylmagy üçin ylmy lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Lukmançylyk we ylmy diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda BSGG, Çagalar gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini we ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünlikleri halkara derejede ykrar edildi. Türkmenistana gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu uly üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň güwäsidir.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Raisa ISRAFILOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Gistologiýa, embriologiýa we sitologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.