Saglygy goraýyş ulgamy ýaş nesliň goragynda
05-01-26
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda güneşli Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, her bir güni şanly wakalara beslenýän döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Bu gün halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen tutumly işler has-da rowaçlanyp, oňat netijesini berýär.
Ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan ynsan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesi hakynda söhbet edilende, ilki bilen, bu ugurda Diýarymyzda durmuşa geçirilen işleriň ähmiýeti baradaky buýsançly pikirler hakyda dolýar. Çünki ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamakda, berkitmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ýaýbaňlandyrmakda durmuşa geçirilen hem-de alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sporty ösdürmekde, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmakda, zyýanly endiklere garşy göreşmekde, daşky gurşawy goramakda tutumly işler amala aşyrylýar. Bu günki gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän sport desgalarynda bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, durmuşyny sagdynlyk bilen utgaşdyrýan ildeşlerimizi göreniňde, täze taryhy döwrümiziň bagtyýarlyga, sagdynlyga beslenýändigine buýsanjyň artýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň sagdyn ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň kadaly ösüşine, onuň saglygynyň berk bolmagyna amatly täsir edýän möhüm şertleriň biri hem onuň oýlanyşykly düzülen iýmit tertibidir. Ösýän beden üçin iýmit arkaly barýan beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň, mineral maddalaryň, witaminleriň zerur mukdarda we kesgitli gatnaşykda bolmaklary aýratyn wajypdyr. Beloklar bedeniň ýiti sowuklama kesellerine we infeksiýalara garşylygyny üpjün edýär. Olar ýaglaryň, uglewodlaryň, mineral maddalaryň, С witamininiň özleşme hadysalaryna gatnaşýarlar. Çaga bedeni üçin belogyň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy zyýanlydyr. Birinji ýagdaýda ösüş hadysalary, süňk, gan emele gelme hadysalary, beýleki iýmit maddalaryň siňmesi bozulýar, bedeniň kesellere bolan garşylygy, işe bolan ukyplylygy peselýär. Belogyň artykmaçlygy bolsa beden üçin, aýratyn hem, bagyr we böwrek üçin artykmaç agram salýar.
Ýaglar energiýanyň wajyp çeşmesi bolup hyzmat edýärler we bedeniň goranyş güýçlerini berkidýärler, deriniň ýagdaýyna ýaramly täsir edýärler, damarlaryň maýyşgaklygynda wajyp orny tutýarlar.
Uglewodlar energiýany emele getirýän esasy çeşmedir, olar maddalaryň alyş-çalşygyna hem gatnaşýar. Uglewodyň esasy çeşmeleri bolup, ösümlik önümleri çörek, ýarma, nohut, ýeralma, gök önümler hasaplanýar. Uglewodlaryň artykmaçlary ýaga öwrülýär we ýag dokumasynda toplanýar, bu bolsa semizlige getirip biler.
Witaminler bedeniň ýaşaýşa ukyplylygynda wajyp orny eýeleýär. Olar madda çalşygynyň dogry amala aşmagy, kadaly ösüş üçin zerur hasaplanylýar. Bedende С witamininiň ýetmezçiligi bedeniň umumy ysgynsyzlygyna, saçyň düşmegine, deriniň gyzarmagyna, diş arassalanylanda ganamagyna, gaharjaňlyga we ukynyň erbetleşmegine getirýär. С witamini gök soganda, sarymsakda, kelemde, turpda, itburunda, mandarinde, limonda köpdür. С witamini çaga bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar hem-de gan damarlaryny, nemli bardalary we diş etlerini berkidýär.
Ilatyň saglygyny goramak boýunça döwlet derejesindäki çäreleriň hemmesi adamlaryň saglygyny berkitmäge, ömürlerini uzaltmaga gönükdirilendir. Ýokanç däl keselleriň, ýagny ýürek, gan-damar ulgamynyň, dem alyş, endokrin ulgamynyň we howply täze döreme keselleriniň öňüni almakda sagdyn durmuş ýörelgeleri halkyň arasyna ornaşdyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasyny bolsa adamlaryň dem alýan howasy, içýän suwlarynyň arassa bolmagy, kadaly iýmitlenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary ýaly çäreler düzýär. Türkmenistanda duzuň ýodlaşdyrylmagynyň, onuň demir bilen baýlaşdyrylmagynyň hem galkan görnüşli mäz keselleriniň we gan azlygyň öňüni almakda ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda adam bedeninde D witamininiň ýetmezçiliginiň öňüni almak we onuň öwezini dolmak babatda ýurdumyzyň lukmanlary tarapyndan uly göwrümli işler ýola goýuldy.
Döwletimizde ýetilen sepgitlere göz aýlanyňda, durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşleriň gazanylandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Halkymyz bu gün öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýmak, agzybirlik bilen döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzy täze üstünliklere besleýär. Hormatly
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy has-da kuwwatlandyrmak, il-günüň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça beýik işleri durmuşa geçirýär. Şunda medeni we saglyk maksatly desgalar, binalar yzygider gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna, bagtyýar durmuşa berk binýat bolýar. Çünki bularyň ählisi döwrebap ösüşleri üpjün etmek bilen, ildeşlerimiziň sagdyn durmuşda ýaşamagyna ýardam edýär.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.