Saglyk – ömrümiziň soltany

03-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasaty bilen has dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň eşretli we sapaly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bu Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň işi düýpgöter täze derejelere çykdy. Amaly we nazary lukmançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi bilen, ulgamyň işine öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda raýatlaryň saglygyny dikeltmek, ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek babatda uly işler amala aşyryldy. Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary, «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy neşiri, «Türkmenistan —melhemler mekany» atly kitaby milli lukmançylygy ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Şolaryň esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda we şypahanalarynda fitoterapiýanyň ornuna aýratyn ähmiýet berildi. Türkmen tebigatynyň gözellikleri, tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan çäklerinde şypahana ulgamynyň işiniň düýpli özgerdilmegi hem möhüm tapgyrlaryň biri boldy. 

Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Ösüş maksatnamasy bilen gatnaşyklary täze derejelere çykarýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar raýatlarymyza döwrebap hyzmat edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleriň, saglyk öýleriniň täze binalary gurulýar. Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe täze döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy dowam etdirilip, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bina bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Saglyk öýi, «Tiz kömek» merkezi, Onkologiýa merkezi, Köpugurly hassahana, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi hereket edip, halkymyzyň saglygyny goramakda ähmiýetli orun eýeleýärler. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bolan Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri öndürilip başlandy. Lukmançylyk klasteri lukmançylyk kömegini ýokary derejede dolandyrmagyň innowasion usulydyr. Ol derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny we serişdelerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda bilim bermäge, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň gowy dünýä tejribelerini ulanmak arkaly, ylmy işleri geçirmäge, diňe içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň güwänamalaşdyryş ulgamy tarapyndan «Hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň» berilmegi onda öndürilýän önümleriň ýokary hilini kepillendirdi.

Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini bellemek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzda çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýaş nesilleriň saglygyny dikeltmekde gaznanyň howandarlygynda alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gysga wagtyň dowamynda müňlerçe çaganyň saglygynyň dikeldilmegi, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna saglygy goraýyş edaralaryna döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň gowşurylmagy diýseň buýsandyryjydyr. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok.

Batyrnepes ANNANEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.