Täze ýyl arçasy nuruny saçdy
20-12-25
Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrda hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Asylly däbe görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi.
Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy başdangeçirmelere baý täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr. Şu jähetden, Gündogar müçenamasynyň ýyllaryny alamatlandyrýan lybaslardaky çagalar Aýazbabany we Garpamygy uly şatlyk bilen garşyladylar. Tamamlanyp barýan 2025-nji ýylyň we täze — 2026-njy ýylyň gahrymanlary ajaýyp goşgularyny täsin gyş baýramçylygynyň myhmanlaryna bagyşladylar.
Paýtagtymyzyň teatr toparlary, ýaşajyk artistler, meşhur estrada aýdymçylary aýdym-sazly çykyşlary bilen arçanyň töweregini baýramçylyk şatlyk-şowhunyna beslediler. Aýazbaba we Garpamyk dabara gatnaşýan körpeleriň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Watanymyzyň abadançylygy, gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagy arkaly owadan arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Şol pursatda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şäherleriň meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi hem jadyly yşyklarda ýalkym saçdy. Bu ýerlerde-de köpöwüşginli baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Çagalar şadyýan aýdymlary bilen arçalaryň daşyndan aýlandylar.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan süýjülikleriň we sowgatlaryň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Ertekiler dünýäsindäki keşpler bilen utgaşýan bu baýramçylyk çagalar üçin hem, ulular üçin hem ýatdan çykmajak wakadyr. Täze ýylyň ajaýyp dabarasyna ýurdumyzyň köp sanly raýatlary uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.
Nurana baýramyň öňüsyrasynda söýginiň, ýaşlygyň we dost-doganlygyň şäheri bolan Aşgabat has-da gözel keşbe girdi. Bu ýerdäki dürli öwüşginli suw çüwdürimleri, elwan güller, ajaýyp seýilgähler, biri-birinden gözel ak mermerli binalar, giň şaýollar, baýramçylyk lybasyny geýen seýilbaglar ýurdumyzyň okgunly ösýän hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň keşbini özünde jemläp, dünýäde ýaşamak üçin iň amatly, gözel şäherleriň biri hökmünde paýtagtymyzyň ornuny has-da berkidýär.
Aýazbaba we Garpamyk baýramçylyk dabara gatnaşýan ähli körpeleriň adyndan döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna täze, 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Olar hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çagalar hakda edýän yzygiderli aladasy, ýurdumyzda körpe nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Şeýlelikde, Täze ýylyň esasy nyşany bolan Baş arça dürli öwüşginli şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezegler bilen ýalkym saçyp, baýramçylygyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüler.
Goý, Täze 2026-njy ýyl bagtyýar halkymyz üçin täze ýeňişleriň we üstünlikleriň, belent sepgitleriň hem-de ösüşleriň, bolelin durmuşyň, rysgal-bereketiň, toý-baýramçylyklaryň ýyly bolsun! Halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Hudaýnazar ÖWEZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.