Täze ýyl şowhunlary
20-12-25
Ýakynda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde Täze ýyl baýramynyň hormatyna ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Ýaşyl donly arçalaryň dürli öwüşginleri merjen şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýar.
Hemmelerde täsirli duýgulary, ýatdan çykmajak pursatlary galdyran Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasyna bagtyýar çagalar bilen birlikde dabaranyň arzyly myhmanlary bolan ertekileriň gahrymanlary, Aýazbabadyr Garpamyk gatnaşdylar. Olar, ilki bilen, welaýatymyzyň dürli künjeginde myhmançylykda boldular. 2025-nji ýylda welaýatymyzda açylyp, ulanylmaga berlen täze desgalara aýlanyp, olaryň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Uzak-uzak ýollary geçip gelen Aýazbaba Garpamyk bilen bilelikde ak paýtuna münüp Mary şäheriniň gözel ýerlerine-de aýlanyp gördüler. Şeýlelik bilen Garpamykdyr Aýazbaba çagalar bilen baýramçylyk şowhunyny artdyrýan bezemen, giň köçeleriň gijeki owadanlygyny synlap, welaýatymyzdaky “Türkmeniň Ak öýi” binasyna geldiler. Göreni haýrana goýýan bu meýdança diýseň owadan bezelipdir.
Adam kalbyny heýjana salýan Täze ýyl üçin häzirki günlerde bazarlarda, söwda merkezlerinde Täze ýyl arçalarynyň dürli görnüşlerine bolan halkyň islegi juda ýokary. Şöhle saçýan şarjagazlaryň, dürli haýwanjyklaryň, bezeg garjagazlarynyň toplumy her bir ynsany özüne bendi edip, Täze ýyly garşy almaga howlukdyrýar. Şöhrat-şana beslenen merjen şäher Aşgabat bu gün bezemen arçalaryň elwan öwüşginleri bilen ýalkym saçýar.
Şu günlerde toý-baýramly ýurdumyzyň ähli ýerinde owadan hem belent arçalar oturdylyp, baýramçylyk bezegleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Dürli öwüşgin saçýan çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen owadan lybasa beslenen arçalaryň töweregine müňlerçe adam ýygnanyp, birek-birege abadançylyk, bagtyýarlyk arzuwlaýarlar.
Ýurdumyzda her ýyly üstünlikli jemläp, geljek ýyly mynasyp zähmet gadamlary bilen garşylamak asylly ýörelgä öwrüldi. Tamamlanyp barýan 2025-nji ýyl hem ajaýyp öňegidişlikleriň ençemesini ykbalymyza bagyş etdi. Tamamlanýan ýylyň netijeleri bolsa, ýetip gelýän 2026-njy ýylyň hem uly rowaçlyklara beslenjekdigini delillendirýär.
Şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap Täze ýyl baýramçylyk söwdalaryna ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda badalga berildi. Söwda nokatlaryndaky azyk bolçulygynyň türkmen telekeçileriniň tagallalarynyň netijesidigini bellemek gerek. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýylsaýyn artdyrýarlar. Paýtagtymyzdaky we sebitlerdäki söwda merkezlerinde, bazarlarda süýt we et önümlerinden başlap, süýjüleri, kakadylan miweleri, gök önümleri, konserwirlenen önümlere çenli türkmen telekeçileriniň öndürýän dürli önümlerini satyn almak bolýar.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Täze ýyl baýramçylygyny şatlyk-şowhunda geçirmek üçin uly işler alnyp barylýar. Jemgyýetçilik binalarynyň öňünde owadan arçalar oturdylýar, şäherimiziň köçeleriniň ugrundaky daragtlary dürli öwüşginli çyrajyklar bezeýär, meýdançalardyr seýilgähler şowhunly konsert meýdançalaryna öwrülmäge taýynlanýar. Welaýatlarda, etraplarda we şäherçelerde Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralar geçirilýär.
Goý, Täze 2026-njy ýyl — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň belleniljek ýyly bagtyýar halkymyz üçin täze ýeňişleriň we üstünlikleriň, belent sepgitleriň hem-de ösüşleriň, bolelin durmuşyň, rysgal-bereketiň, toý-baýramçylyklaryň ýyly bolsun! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz mundan beýläk hem gülläp össün!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.