Parahatçylyga we ynsanperwerlige esaslanýan türkmen Bitaraplygy
12-12-25
Ata Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň dabaraly toýlanyljak günleri barha ýakynlaşýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesi halkara derejesinde uly gyzyklanma we gyzgyn goldawa eýe bolýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýäniň ençeme ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen parahatçylyga we ynsanperwerlige esaslanýan dostlukly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Bitaraplygyň halkara hukugynyň, diplomatiýanyň, parahatçylyk dörediji dialogyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeli gural bolup biljekdigini iş ýüzünde subut etdi. Şeýlelikde, bu ugurda möhüm işleri alyp barýan Watanymyz durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän döwlet hökmünde tanalýar we belent abraýa eýe bolýar.
Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyz gazanylandan soňra ýurdumyzyň esasy daşary syýasat ugry hökmünde öňe süren hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç ýola ykrar edildi, ýagny ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde bolsa ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi diňe bir şanly ýylymyzyň däl, eýsem, bagtyýar zamanamyzyň şöhratly täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan buýsançly waka boldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelýän ýylyna öwrüldi. Hut şu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan tutulmagy hem ýylymyzyň şygary bilen birleşip has-da dabaralanýar. Çünki ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgämiz bolan myhmansöýerlik, hoşniýetlilik, dostlukly gatnaşyklar, ynsanperwerlik, birek-birege hemaýat etmek hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň özenini düzýär. Şeýle asylly ýörelgeler bolsa şanly ýylymyzda günsaýyn artyp, dünýä döwletlerine öz nuruny çaýýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek barada Türkmenistanyň başlangyjy syýasy üstünlik boldy. Türkmen halkynyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini öňe çykardy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy döwlet syýasatynda baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň üstünlikli dowam etdirilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Döwrebap ösüşiň kämilleşmegi üçin ynamy berkitmek zerurlygy, parahatçylygy üpjün etmegiň ähmiýeti halkymyzyň, berkarar Diýarymyzyň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek ýokarlandyrdy.
Halkymyzyň asylly ýörelgesi, parahatçylyk söýüjilik ýoly gadymdan gelýän baý taryhymyzyň miwesidir. Bu asylly ýörelgeler pähimdar pederlerimiziň döreden beýik taglymatydyr. Şol beýik taglymaty kämilleşdirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat gymmatlygyna öwren ata Watanymyz bu gün dünýä döwletlerini ynsanperwerlige, ýagşylyga çagyrýar. Şonuň üçin hem halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini çuňňur öwrenmek we olara sarpa goýmak, geljek nesillere ýetirmek biziň baş maksadymyzdyr.
Goý, berkarar Diýarymyzy, mähriban halkymyzy parahatçylygyň, beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Kümüş TOÝLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.