Türkmenistan — parahatçylygyň mekany

10-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özygtyýarly, baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty barha dabaralanýar. Bu ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletli ýörelgelerini hormatly Prezidentimiziň ynamly dowam etdirip, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýändigi bilen şertlendirilýär.

Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň çuň taryhy kökleri halkymyzyň gadymyýetden gelýän dostanalyk, göwnaçyklyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgelerinden ugur alýar. Hut şunuň esasynda güneşli Diýarymyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, hoşmeýilli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýaly ata-babalarymyzdan miras galan kadalara berk eýerip gelýär.

Ata Watanymyz ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde barha belende galýan abraýynyň, halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň berkemegine goşýan uly goşandynyň giňden goldaw tapýandygynyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlary, öňe sürýän başlangyçlary biziň döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmaga, halkara meselelerini çözmäge örän gyzyklanýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň abraýyny öňküden-de belende galdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde diňe bir sebitde däl, eýsem, ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi, dünýäniň ähli halklarynyň abadançylykda, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny gazanmak barada eden taryhy çykyşy hem halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti has-da artýar. Türkmen Bitaraplygy halklary, döwletleri birleşdirýän dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär, parahatçylyk taglymatyny dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda berkitmegi maksat edinýän gymmatly ýörelge, beýik syýasy üstünlik hasaplanylýar. Şeýle hakykata biz ýene bir halkara çäräniň, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mysalynda hem şaýat bolduk. Nýu-Ýork şäherinde bolup geçen bu sessiýanyň plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda dünýäniň durnukly ösmegi, adamzat ýaşaýşynyň ygtybarly dowam etmegi, şeýle-de ýüze çykýan ählumumy meseleleri çözmekde döwletleriň hem-de halklaryň tagallalaryny birleşdirmek ýaly mazmuny özünde jemleýän paýhasly pikirleri orta atyp, oňyn başlangyçlary guramanyň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlemegi ynsanperwerligiň nusgalyk görkezijisidir.

Şu ýyl biziň döwletimiz şanly Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileý baýramçylygyna ägirt uly ykdysady ösüşlere, medeni-ruhy galkynyşlara beslenip barýar. Bu şanly sene mynasybetli gözel paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň ýokary derejede geçirilmeginiň göz öňünde tutulmagy dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň hyzmatlarynyň ýene-de bir ajaýyp netijesidir.

Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň günsaýyn artmagy biziň her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar, güýjümize güýç goşar. Goý, bütin dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagy, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrundaky tagallalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag bolsun, mertebeleri mundan beýläk-de belende göterilsin!

Jennet GARAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.