Baky Bitaraplyk — köpugurly gatnaşyklaryň özeni
09-12-25
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesi bolup, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, deňhukukly, özara bähbitli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasy dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany üçünji gezek biragyzdan kabul etmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm ähmiýetli taryhy wakasy boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilmegi, Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň bütin dünýäde giňden goldanylýandygynyň we ykrar edilýändiginiň nobatdaky tassyknamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky işinde oňyn Bitaraplyk, gapma-garşylyklary we düşünişmezlikleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny aýratyn bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, geçen döwürde ýurdumyz BMG-niň çäklerinde anyk başlangyçlary, şol sanda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny pugtalandyrmak, hemişelik Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürdi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda agzalan meseleler boýunça birnäçe Kararnama kabul edildi. Şolaryň biri-de 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamadyr. Bu başlangyç ähli döwletlere dünýäniň ykbaly, tutuş adamzadyň geljegi üçin jogapkärçilige düşünmek baradaky ýüzlenmedir. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak pelsepesi ählumumy ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň bu ugurda yzygiderli durmuşa geçirýän işleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda logiki taýdan dowam etdirilýär. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş düzümleriniň häsiýeti we meýilleri döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň esasy wezipelerine hut şu nukdaýnazardan seredýär we berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bu wezipeleri ilerletmekde hem-de ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biridigine berk ynam bildirdi.
Türkmenistan Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. «Dünýä jemgyýetçiliginiň bitaraplygyň wajyplygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, ol möhüm diýlip hasaplanýar. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejeli iri halkara forum BMG-niň strategik maksatlaryna ýetmäge uly goşant bolar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünliklere we işjeň häsiýete eýe bolmagy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!
Aýna GULLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.