Berkarar döwletiň Bitaraplyk syýasaty rowaçlanýar

07-12-25

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ga­dam ba­san il­kin­ji gün­le­ri­miz­den baş­lap, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän deň­hu­kuk­ly, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.

2025-nji ýyl­da mö­hüm äh­mi­ýet­li iki şan­ly se­ne — Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy hem-de bu gu­ra­ma­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 80 ýyl­ly­gy baý­ram edil­ýär. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýyl — «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Mu­nuň özi dün­ýä de­re­je­sin­de mö­hüm wa­ka bol­mak bi­len, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny hil taý­dan tä­ze tap­gy­ra çy­kar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Bi­ta­rap­lyk tag­ly­ma­ty — dün­ýä döw­let­le­ri bi­len yla­la­şyk­ly ýa­şa­mak. Bi­ta­rap­lyk ýaş türk­men döw­le­ti­niň gül­läp ös­me­gi üçin ba­dal­ga bol­dy. Ýur­du­myz Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne da­ýan­mak ar­ka­ly hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li gi­ňeld­ýär.

Geç­mi­şe ser sal­saň, pe­der­le­ri­mi­ziň dün­ýä halk­la­ry­na sa­ry uza­ýan ýol­la­ry­my­za gö­züň düş­ýär. Şol ýol­lar ba­ra­da ýa­zy­lan ýaz­gy­lar­da türk­me­niň ada­lat­ly, yn­san­per­wer, mert hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da aý­dy­lyp­dyr. Ine, bu gün mu­kad­des top­ra­gy­myz­da bin­ýa­dy berk­den bi­na edi­len döw­le­ti­miz pe­der­le­ri­mi­ziň dün­ýä­niň çar ýa­nyn­da mu­kad­des, mil­li hä­si­ýet­le­re esas­la­nyp gur­lan, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk sak­lan ýol­la­ry­na tä­ze­den jan be­ren, ola­ryň asu­da, er­kin ýa­şa­mak ýa­ly mu­kad­des ar­zuw­la­ry­ny wy­sal eden Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let­dir.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de as­ma­ny­my­zyň asu­da, ýur­du­my­zyň aba­dan bol­ma­gy­ny dil­le­ri­niň se­na­sy­na öw­ren pe­der­le­ri­mi­ziň eden ar­zuw-umyt­la­ry ha­syl bol­ýar. Kök­le­ri­ni ga­dy­my­ýe­tiň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan ata-ba­ba­la­ry­myz pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şap, äh­li eş­ret­le­re ýe­tip bol­ýan­dy­gy­na berk yna­nyp­dyr­lar. Şol ynam bi­len goň­şy ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar­da hoş­ni­ýet­li hä­si­ýet­le­ri­miz ke­ma­la ge­lip­dir. Dün­ýä­de ençeme döw­let gur­ma­gy ba­şa­ran ata-ba­ba­la­ry­myz hut şu hä­si­ýet bi­len ta­na­lyp­dyr.

Bi­ta­rap­lyk türk­men döw­le­ti­niň Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji mer­kez hök­mün­dä­ki ýo­ka­ry de­re­jä eýe bol­ma­gy­na uly gol­daw ber­ýär. Pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yla­la­şy­gyň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň ha­ky­ky mer­ke­zi­ne öw­rü­len Aş­ga­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki en­çe­me ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bi­le­lik­de, uly fo­rum­la­ryň we wa­jyp äh­mi­ýet­li du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy stra­te­gi­ki we uzak­möh­let­le­ýin hä­si­ýe­te eýe­dir. Türk­me­nis­tan bü­tin dün­ýä­de we se­bit möç­be­rin­de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de da­şa­ry ýurt ma­ýa­sy­ny, teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny, tej­ri­be­si­ni ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne giň­den çek­mek ar­ka­ly beý­le­ki ýurt­lar bi­len hoş­ni­ýet­li, dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ýar. Al­nyp ba­ryl­ýan oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň go­ral­ma­gy­nyň ke­pil­len­di­ril­me­gi, da­şa­ry ýurt te­le­ke­çi­li­gi üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, şeý­le hem ýur­du­my­zyň iň­ňän baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri, amat­ly geo­sy­ýa­sy ýag­da­ýy, sy­ýa­sy dur­nuk­ly­lyk, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýu­jy­la­ry­ny bir­syh­ly özü­ne çek­ýän­di­gi özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Azat MERGENOW,
Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmanÇylyk uniwersitetiniñ Adam anatomiyasy topografiki anatomiya we operatiw hirurgiya kafedrasynyñ mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.