Ynsanyň saglygy – döwletiň gymmatlygy
19-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda: “Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär” diýip nygtaýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar sagdyn jemgyýeti kemala getirýärler. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Türkmen halkynda “Ähli zadyň sakasy saglyk” diýlen pähim bar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky hakykatyň güwäsi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär, her bir raýatyň saglygy babatda uly aladalar edilýär.
Saglygyň gadyryny bilýän adam sagdyn durmuş ýörelgesinden ýörejek bolýandyr. Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup, her bir adama başardýandyr. Biziň gündelik durmuşymyzda her bir ýagdaýyň ýagşy tarapyna üns berjek bolmaly. Gün tertibini saklamak, ýagny dogry we oňat gurnalan zähmet, oňat dynç alyşlar we ukyny almak sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Çilimkeşlik, spirtli içgilere ýykgyn bolmak ömri gysgaldýan ýaramaz endiklere degişlidir. Olar adamy tiz garradýar. Tersine, bu endiklerden ýüz dönderilende ömrüň kuwwatlylygy artýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertler - bu beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek, dogry iýmitlenmekdir. Sebäbi şu iki şert özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýär.
Halkyň abadan durmuşda ýaşamagy ýurduň egsilmez baýlygy hasaplanýar. Şol sebäpden her bir ynsanyň öňünde goýýan esasy maksady öz saglygyny berkitmekden ybarat bolup durýandyr. Bilşimiz ýaly, biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, onuň gadyryny bilmek babatda asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys. Mähriban Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak maksady bilen gurulýan binalardyr desgalaryň üsti ýetirilip durulýar. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli baýlyk hökmünde adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Ilatyň saglyk ýagdaýynyň onuň zähmete ukyplylygyna gönüden-göni baglydyr. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.
Hormatly Prezidentimiz: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýip belleýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Altyn ORAZGELDIÝEWA,
Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.