Beýiklik diňe Watan bilendir!
21-11-25
Döredijilik zehini kämil bolan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýazýan, döredýän eserleri bu gün äleme nusgalyk. Türkmeniň ruhy we maddy gymmatlyklary, medeni baýlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz hakda söz açýan her bir eserinde geçmişiň müň bir paýhasy, geljege gerekli parasady bar.
Durmuş tejribelerinden susulyp alnan we uly-kiçi her kese kämillik mekdebiniň mugallymy ýa-da ýol görkeziji ýan kitaby bolan, döwleti dolandyrmagyň we halkyň aladasyny etmegiň, ukyp-zehiniň bilen halka berilmegiň nusgasyna öwrülen, döwrebap we uzak geljege niýetlenen syýasy pähimleri açyp görkezýän romanlary, milli ýörelgelerimizden, medeni mirasymyzdan, halkyň ruhy genji-hazynasyndan söz açýan ajaýyp ylmy-çeper eserleri — hormatly Prezidentimiziň ýazan, döreden her bir kitaby durmuşymyza dahylly we örän peýdaly manylary özünde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyz, beýik halkymyz hakdaky pikirleri Watanymyzyň taryhynyň özüniň bir tarypdygyny subut edýär. Watanymyzyň taryhy — Watanymyzyň tarypy. Nesillerde watançylyk duýgusyny kämilleşdirmek we bu zatlaryň gymmatyny düşündirmek mukaddes borçdur. Watan hakdaky düşünjelerimiziň çeşmesi milli Liderimiziň mübärek galamynyň astyndan çykan ajaýyp eserleridir. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan pikirleri Watan hakdaky oýlanmalarymyza çeşme bolup hyzmat edýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma!» diýen sözleriniň özüni tumar edinip dakynybermeli. Watandan aýralyk ýaly agyr dert ýok. Ýaşulularyň aýtmagyna görä: «Dünýäniň derdi-mähneti dört zatdadyr: Birinjisi, ýurduňdan aýralyk, hatda ol bir sagat bolsa-da; Ikinjisi, sapar-syýahat, hatda ol bir parsah bolsa-da; Üçünjisi, bergidarlyk, hatda ol bir teňňe bolsa-da; Dördünjisi, dilegçilik, hatda ol bir däne bolsa-da». Türkmen dessanlarynda, kyssalarynda Ýusup pygamber bilen baglanyşykly wakalar uly orun alypdyr. Şol wakalar esasynda aýdylýan «Müsürde şa bolanyňdan, öz iliňde geda bol!» diýen parasatly jümle Watan gymmatynyň nähili ezizdigini ýadymyza salýar. Pygamber Alaýhyssalamyň hadyslarynda hem «Kimiň süňňi sagat, öz ilinde howpsuz ýaşap, gündelik azyk-owkady hem tapdyryp duran bolsa, ol dünýä mülküni gazanan adam ýalydyr» .
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz halkymyza sowgat eden “Mertler Watany beýgeldýär” atly eserinde: “Watançylyk terbiýesi türkmen maşgalasynda terbiýäniň gönezligidir” diýip belleýär. Watansöýüjiligi terbiýelemek çaganyň dünýä inen maşgalasyndan başy başlanýan jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň ähli döwürleri üçin wajyp wezipe bolmagynda galýar. Muny türkmen halkynyň terbiýeçilik däpleri hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy doly tassyklaýar. Magtymguly Pyragynyň watançylyk goşgulary ýaş nesli milli däplerimize wepalylyk ruhunda döwrebap terbiýelemekde döwlet gullukçylary üçin bahasyna ýetip bolmajak maglumat çeşmesidir, ähli döwürler üçin edep-terbiýe mekdebidir. Magtymguly Pyragynyň adamlara asylly terbiýe berýän goşgulary akyl-paýhasdan doly. Dana şahyryň goşgularynda kämil şahsyýeti kemala getirmegiň dürli taraplary barada söz açylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda: “Magtymgulynyň şygyrlary dagdan çogup çykýan gözbaşy arassa çeşmäniň suwy kimin jana şypalydyr. Ol şygyrlar edil daň säheriniň howasy ýaly tämizdir. Olar läle-reýhanly, gül-gülälekli bag-bossanyň hoştap ysy kimin bark urup, ynsanyň janyna hoşluk çaýýar. Bedenleri bogun-bogun söküp, ýüreklere giňlik berýän dutaryň mylaýymdan şirin sazy bolup, heýjana getirýär” diýip belleýär.
“Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp
Bilmeze hiç, bilen ýanda nyrhy köp” ;
Magtymguly sözüniň ýerde galman, nesihatlaryna uýulmagyny isläpdir. Onuň terbiýeleýjilik güýjüne uly baha beripdir:
“Aňlamaza aýat sözlerin diýseň,
Pygamber hadysyn öňünde goýsaň,
Gyýmazlykda müň söz beýnisne guýsaň,
Ol sözler gulagnyň daşyna degmez”
diýýän şahyr bu goşgy bendini milletiň ýagşy öwüt-ündewleri diňlemegine bagyşlapdyr. Şahyr
“Magtymguly, köňle gaýgy getirme,
Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme.
“Sözüm aňlan ýok” diýip, ümsüm oturma
Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr”
diýmek bilen, ol sözüň güýjüniň hem-de özüniň şahyrana pikirleriniň jemgyýetçilik aňyna täsir edýändigini-de hasaba alypdyr.
Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýyna görä, tire-taýpalaryň birleşmegini, olaryň arasynda agzybirligiň höküm sürmegini gazanmak esasy meseleleriň hatarynda bolupdyr. Şol sebäpli-de, şahyryň döwletlilik, bitewülik, agzybirlik baradaky şygyr setirleri watançylyk duýgusyny her bir şahsyýetiň aňynda oýaryjy, kämilleşdiriji güýje öwrülipdir. Şeýle şygyrlaryň ideýa-mazmuny halky bir bitewülige, tire-taýpalary birleşmäge, agzybirlige, ynsanperwerlige, bellibir döwleti gurmaga çagyryşdyr.
“Goç ýigide toýdur-baýram
Her iş gelse,
diýen setirleri akyldar Magtymgulynyň eziz Watanyny jan-dilden söýendigini subut edýär. Watan hakyndaky aýgytly pikirlerini batyrgaýlyk bilen beýan edip, il-gününine watansöýüjiligi wagyz edýan ençeme goşgularyny döredipdir.
Halkynyň agzybirligini isläp, şahyr bir başa bakylyp, bir döwlete gulluk edilse, türkmeni hiç bir güýjüň ýeňip bilmejekdigine ynanypdyr. Akyldar şahyryň goşgularynda türkmen halky bir döwlete gulluk etmäge, bitewlilige çagyrylýär.
Ykbally bolaýyn diýseň, Watanyň ykbalyndan aýrylma!
Döwletli bolaýyn diýseň, Watandan rysgyňy aýrylama!
Owadan bolaýyn diýseň, Watan gözelliginden ät galma!
Kämil çykaýyn diýseň, Watana ýykyl!
Beýik bolaýyn diýseň, Watan beýikligine akyl ýetirjek bol!
Watan beýikligi ýüreklerimizdedir!
Iň täze eýýamyň türkmeni bolmak şol içki beýikligi öz işlerinde amal etmekden ybaratdyr. Çünki Watanyň bähbidi diýmek seniň bähbidiňdir, Watanyň bähbidi diýmek seniň çagaň bähbididir. Biziň hemmämiz Watan üçin jan çeksek, onuň bähbidini ileri tutsak , halal zähmetimiz bilenem özümiz baýarys.
Watany baýatman, baýap bolar, ýöne bu baýlygyň soňy puçdur.
Watany beýgeltmän, beýgelip bolmaz.
Beýiklik – diňe Watandadyr we beýiklik Watan bilendir.
Watançylyk duýgusy – türkmeniň iň adamkärçilikli duýgusydyr. Şu manyda ol enä bolan söýgi bilen manydaşdyr. Adamy ene bilen diňe ýüregi däl, eýsem, on iki süňňi hem baglanşdyrýar. Şonuň üçinem , türkmen näçe kynçylyk görsede , horluk çeksede, ene sözüne uly hormat goýýar. Biz hut enäni söýşümiz ýaly, Watany söýmelidiris!
Her bir adam Watanyny hem enesini söýşi ýaly söýmelidir. Şonda onuň gursagynda halallyk emele geler.
,,Ene hüwdüsi ýaly mylaýym, ene gujagy ýaly ýyly zat barmy?” diýseler, diňe: ,,Watan!’’ diýip jogap bererin.
Mukaddes Watan üçin biziň başaryp biljek zatlarymyz örän kän. Biz hormatly Prezidentimiziň paýhasly we her bir adamy oýlandyrýan pähimlerine öz başarnygymyz bilen jogap bermelidiris. Alym Arkadagymyzyň terbiýe baradaky asylly başlangyçlaryna mynasyp goşant goşup, haýyrly işleriň sogabyna şärik bolmak bagty her birimize miýesser etsin! Ajaýyp eserleri bilen bizi döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulgerek DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Döwlet Gullugy Akademiýasynyň talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.