Ýolumyzyň aýdyň şamçyragy

20-05-22

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz mähriban halkymyza özüniň ýene-de bir ajaýyp eserini — «Ömrümiň manysy» atly täze kitabyny peşgeş berdi. Bu kitapda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň her bir raýatyna ömrüniň her gününi döwrümize, milli däp-dessurlarymyza mynasyp ýaşamagy, durmuşyny ýagşylyklara beslemegi, halkymyzyň ynamyna, söýgüsine mynasyp bolmagy, berkarar döwletimizi mundan beýläk hem beýgeltmäge goşant goşmagy sargaýar. Türkmeniň ýaşaýyş medeniýetini, şöhratly taryhyny dünýä beren ata-babalarymyzyň ynam-ygtykadyny, ruhy-medeni gazananlaryny, milli gymmatlyklarymyzy taryhy we ylmy maglumatlar hem-de özüniň ýakymly ýatlamalary arkaly giňişleýin düşündirýär. Täze neşirde ynsan ýaşaýşynyň baş özeni bolan adamkärçilik, hakykata nazar salmak ýaly düşünjeler nakyllardyr atalar sözleri, alymdyr danalaryň şygyrlary arkaly manyly-mazmunly gürrüň berilýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Hakyky ynsan Hakyň söýen ynsanydyr» diýip, halkymyzyň gözel häsiýetleriniň müňýyllyklaryň jümmüşinden gelýändigini, diniň, ýol-ýörelgäniň hem özenine siňip, Magtymguly ýaly beýik akyldarlaryň eserinde hem aýdyň şöhlelenýändigini belleýär.

Alym Arkadagymyz bu kitapda hünär saýlamak, onda-da dogry we höwes edýän ugruňy saýlamak barada durmuş hakykatlary arkaly mysal getirip, özüniň oý-pikirlerini uly-kiçiniň ýaş aýratynlygyna görä aýdyň beýan edýär. «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa, ýurduň, döwletiň ykbalydyr» diýmek bilen, nesillere bilim-terbiýe bermegiň, hünäre ugrukdyrmagyň ýurdumyzyň dünýä bilen gatnaşyklaryna, halkymyzyň bagtly geljegi bilen baglanyşdyryp gidýän bir pursadyna ünsümizi çekýär.

Gahryman Arkadagymyz halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda agtygy Kerim bilen ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň arasynda orta mekdeplerde bilim berlişiniň hili baradaky söhbetdeşliginiň arassa iňlis dilinde bolandygyny, ýaşlygyna garamazdan, Kerimiň daşary ýurt dilleriniň öwredilmeginiň hökmany ugurdygyny, käbir ýöriteleşdirilen mekdeplerde hytaý, nemes, ýapon, koreý, fransuz, italýan dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilýändigini iňlis dilinde gürrüň berendigini ýatlaýar.

Munuň özi ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýokary netijeleriň gazanylandygyny, ýaş nesillerimizi giň dünýägaraýyşly, medeniýetli, halkara dillerini suwara bilýän adamlar edip ýetişdirmek boýunça saýlap alan ugrumyzyň örän dogrudygyny görkezýär. Ýaşlaryň dünýä dillerini kämil bilmekleri geljekde olaryň ýokary hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçinem, halkara giňişliginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip bilmekleri üçin hem zerurdyr. Hat-da dil bilmek başarnygynyň has ýitiligi bilen gaýry halka öz diliniň kadalaryny türkmen bolup öwreden Mahmyt Zamahşarynyň mysalynda hem örän jaýdar görmek bolýar.

Geçmişde ata-babalarymyzyň guran döwletlerinde ylmyň ösüşi, alymlar, şahyrlar, pirler, sopular, akyldarlar barada, din ýolunda baş goýan ägirtler, mertler dogrusynda ylmy maglumatlary gürrüň berýän kyssalar taryha edil aýnadan bakýan ýaly aýdyň açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda meşhur şahsyýetleriň öz durmuşyndaky başdangeçirmeleri bilen biziň üçin ýatdan çykmajak we ömrümiziň manysyna öwrüljek jümleleri beýan edýär. Bu kitapda: «Perzent daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň saýasy-da, miwesi-de köklerine baglydyr. Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir. Çeşmäniň durulygy, arassalygy hem gözbaşyna baglydyr» ýaly jümleler arkaly ata-ene we perzent gatnaşyklary, hormat-sylag, ilhalar ogul-gyzy terbiýelemek barada maşgala gymmatlygynyň özenini düzýän ýörelgeler beýan edilýär. Sebäbi ata-babalarymyz öz nesillerini hünär, düşünjelilik, zerur dilleri öwrenmek, Watany jandan ileri söýmek, tutanýerlilik, zehiniňi ýerinde ulanmak we zähmetsöýerlik babatdaky beýik mekdebiň, beýik ruhy akademiýanyň gujagynda ýetişdiripdirler.

Ýaşaýşyň şeýle kämil nusgasyny döreden halkymyz «Okan il ozar, okamadyk il tozar», «Ylym — akylyň ýarysy» diýipdir. Biziň döwrümiz hem ylmyň we bilimiň döwri. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ylmyň, sanly bilimiň barha kämilleşýändigini nazara alyp, olardan baş çykarýan, döredilýän mümkinçilikleri netijeli we ýerlikli ulanmagy başarmak üçin öz üstünde dyngysyz zähmet çekýän, dünýä dillerinden baş çykarýan ylymly-bilimli nesilleriň halk üçin, ýurt üçin örän zerurdygyny birjik-de ünsden düşürmeli däldiris.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk döwlet syýasatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýagşy niýetler bilen başy başlanan işleri elmydama üstünliklere beslensin! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, ili abat bolsun!

Ýazjuma NURJAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.